Parlament saýlawlary geçiriler

Portugaliýanyň Prezidenti Marselu Rebelu de Souza 2024-nji ýylyň 10-njy martynda möhletinden öň parlament saýlawlarynyň geçiriljekdigini habar berdi. Bu habar Premýer-ministr Antoniu Koştanyň wezipesinden çekilýändigini mälim edenden soň habar berildi.

Prezident telewideniýede eden ýüzlenmesinde Respublikanyň Assambleýasyny (bir palataly parlamenti) ýatyrylyp, möhletinden öň parlament saýlawlarynyň geçiriljekdigini aýtdy.

Portugaliýa Respublikasynyň parlamenti 2024-nji ýylyň býudjetiniň kanuny taslamasyny 31-nji oktýabrda ilkinji okalyşda tassyklady we gutarnykly ses berişlik 29-njy noýabrda geçiriler.

Prezident Marselu Rebelu de Souza Premýer ministr wezipesinden çekilen Antoniu Kosta “jemgyýetçilik işine eden hyzmatlary” üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy
Antonio Koşta wezipesine girişer
Ýewropa Bileleşigi Ukraina goldaw bermäge dowam eder
Antonio Kosta ÝB Geňeşiniň Başlyklygyna Saýlandy
Ýewro ― 2024: Fransiýany awtogol, Portugaliýany jerime urgulary çärýekfinala alyp çykdy
Soňky kömür bekedini ýapdy