Parlament diplomatiýasy dabaralanýar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, goňşy döwletleriň wekilçilikli edaralary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga uly üns berilýär. Şu ýerde Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýulýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy bilen bir hatarda parlamentara gatnaşyklaryň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykandygyny bellemek gerek.

13-nji noýabrda Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi sapary parlamentara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça amala aşyrylan saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.Olaryň netijesinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Munuň özi parlamentara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny görkezýär.Parlamentara toparyň işjeň hereket etmegi netijesinde, onuň dürli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň guraly bolup durýan parlament diplomatiýasynyň berkidilmegine ýardam etjekdigi şübhesizdir.

Iki ýurduň parlament wekilleriniň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar türkmen-rus gatnaşyklarynyň geljekki ösüşleri babatda pikir alyşmaga mümkinçilik döretdi.

Şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl, Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmegine 20 ýyl doldy.Ysnyşykly gatnaşyklaryň barşynda iki ýurduň arasynda halkara resminamalaryň 280-den gowragyna gol çekildi.

Parlamentara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.Türkmen-rus parlamentara gatnaşyklary sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Moskwa şäherinde geçirilen gepleşikleriň jemlerini teswirläp, olaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýratyn belledi.Hususan-da, bu gezekki gepleşikleriň barşynda parlamentara diplomatiýa ýaşlar köpçüligini işjeň çekmegiň zerurdygy bellenildi. Şeýle hem parlament işinde, geljekki nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde zenanlaryň möhüm orny barada aýdyldy.

Hormatly Arkadagymyz taryhy resminama Hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini belläp, türkmen paýtagtynda ştab-kwartirasy ýerleşýän Aşgabat görnüşiniň Sekretariatyny döretmäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady.

Bu saparyň maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biriniň parlamentara gatnaşyklary bolandygyna garamazdan, strategik türkmen-rus gatnaşyklarynyň beýleki ugurlaryna hem seredildi.Bu babatda Kreml köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygyny agzamak bolar.

Söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hormatly Arkadagymyzy IV derejeli Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin ordeni bilen sylaglamak dabarasy bolup, Prezident Wladimir Putin dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna bu ordeni gowşurdy.

Gahryman Arkadagymyza iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin gowşurylan ýokary sylag Russiýa bilen hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge pugta ygrarly Türkmenistana hormat-sarpanyň nyşanyna öwrüldi.

Umuman, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, parlament diplomatiýasynyň gurallaryndan netijeli peýdalanmaga hem uly ähmiýet berýär. Parlament diplomatiýasy bolsa döwletara, sebit we ählumumy derejede örän wajypdyr.

Parlament diplomatiýasy halkara giňişlikde parahatçylygy, ynanyşmagy we açyklygy pugtalandyrmak işine uly goşant goşmaga, dünýäniň syýasy gün tertibine oňyn itergi bermäge, ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünleriniň, esasy halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň ýoýulmagyna ýol bermezlige gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, dürli ýurtlaryň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, dünýäde döredilen parlament birleşikleriniň, ilkinji nobatda, olaryň iň irisiniň we abraýlysynyň Parlamentara Birleşigiň orny ýokarlanýar.

Merdan SEÝITLIÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Prezident deputatlaryň işläp taýýarlamaly kanunlarynyň aýratynlygy barada aýtdy
Numan Kurtulmuş täze bir ulgamyň döredilmegi barada çagyryş berdi
Arkadag şäherinde Zenan eliniň çeperligi — haly, keşde, keçede atly halkara Dialog geçirildi
Türkmenistanlylar urşa gatnaşmaz ýaly Russiýa goýberilmeýär
Russiýa: Ukrainanyň rus dikuçaryny ogurlamak baradaky meýilnamasyny puja çykardyk
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlary bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi