Parižli sazandalaryň Aşgabatdaky çykyşy

Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda “Pariž asmanynyň astynda” diýen şahyrana at bilen konsert boldy, ony Fransiýa Institutynyň goldamagynda Türkmenistanytň Medeniýet ministrligi we Fransiýanyň ýurdumyzdaky Ilçihanasy gurnadylar.

Konsertde fransiýaly zehinli sazandalar—akkordeonçy Aleksis Kýun we klarnetçi Samýuel Maken çykyş etdiler. “Menç” ikiliginiň tolgundyryjy meşhur “Gnosiýenna №4” sazynyň ilkinji akkordlaryndan aşgabatly tomaşaçylaryň göz öňünde Parižiň eteginiň insiz köçeleri, köne köýleri, meýdançalary peýda boldy.

Aleksis bilimi boýunça taryhçy we ykdysatçy, ýöne ykbalyň emri bilen sazanda boldy duruberdi. Klarnetçi Samýuel Maken bilen ikilikde çykyş edip ugranlaryndan soň olar diňe bir fransiýaly saz muşdaklarynyň däl, eýsem Ýewropanyň we ABŞ-nyň-da şansony halaýanlarynyň hem islegli sazandalaryna öwrüldiler.

Ikilikdäki kärdeşinden tapawutlylykda Samýuel Maken başdan saza imrigýär. Ol klarnet ugrundan Reýmsiň konserwatoriýasyny, soňra garmoniýa, improwizasiýa, aranžirowka we kompozisiýa ugurlaryndan Parižiň Jaz mekdebini tamamlaýar. Onuň repertuarynda jaz we nusgawy, afrobit, reggi, elektro- we hip-hop eserleri bar.

Aleksis Kýun ýogyn, tembrlere baý owadan sesli aýdymçy. Ol Norber Glansbergiň “Padam, Padam, Padam” aýdymyny ussatlarça aýdanda tomaşaçylar ony şowhunly el çarpmalar bilen garşyladylar. Edit Piafyň özboluşly äheňde ýerine ýetirilen meşhur aýdymy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Wasiliý Solowýew-Sedoýyň “Moskwa eteginiň gijeleri” aýdymyny türkmen-fransuz üçlügi üýtgeşik röwüşde ýerine ýetirdi, myhmanlar bilen bilelikde çykyş eden belli türkmen aýdymçysy Maýsa Nyýazowa konserti jaz improwizasiýalary bilen bezedi. Aýdym iki dilde we iki saz usulynda ýerine ýetirildi.

Maýsa Nyýazowa “Gara gözleriň” tapgyryna-da gatnaşdy. Tomaşaçylar joşgunly ýerine ýetirilen sygan mukamyna-da ýokary baha berdiler.

Konsert tamamlanandan soň biz Aleks Kýun bilen söhbetdeş bolduk.

-Aleksis, sizi şowly çykyşyňyz bilen gutlaýaryn! Ýöne bir zady bellemekçi - siziň konsertiňiz belli aýdymlardan düzülen, olam şolwlulyga getirýär. Şowlamadyk wagtam bolupmydy?

-Ýok. Uly üstünlikmi ýa-da ýönekeýräk, ol bize däl-de, tomaşaçylara bagly. Men çykyşlarymy tomaşaçylar bilen ýakyn gatnaşykda gurmaga çalyşýaryn. Bu köplenç, ynha, Aşgabatda maňa başartdy. Biz diňleýjileri saz ummanyna atarmagy maksat edinýäris, özümizem şondan lezzet alýarys.

Pursatdan peýdalanyp, ajaýyp türkmen aýdymçysy Maýsa Nyýazowa ummasyz minnetdarlyk sözlerini aýtmakçy, ol bizi öz sazlaşygy bilen haýran etdi. Ýeke taýýarlykda ol biziň saz dilimizi duýmagy we ony jaz aýdymlarynyň şirin öwüşginleri bilen bezemegi başardy. Aperin! Biz türkmen aýdymçy-sazandalarynyň örän zehinlidigine göz ýetirdik.

Aşgabat hem bizde uly täsir galdyrdy. Şäher kaşaň gözelligi we tämizligi bilen haýran edýär.Seýilgäh zolaklary bilen gurşalan binagärlik toplumlary arassaçylyk we sazlaşyk duýgusyny döredýär. Ýöne Türkmenistanyň yssy howasyna öwrenşip bilmedik.

Emma onam geňlemeli däl, çünki biz ilkinji gezek Gündogar ýurda gelip gördük ahyry.Biz Ýewropada we Amerikada köp çykyş etdik, Türkiýede-de bolduk.Nirede özüňi oňaýly duýsaň, şol ýurt gowudyr diýýärler.

Ynanaýyň, bar zat, aýratynam aşgabatlylaryň açyklygy we myhmansöýerligi şeýle bir göwnümizden turdy welin, dogrusy, bu ýerden gidesimizem gelenok!

Ýene degişli makalalar

“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
18-nji çempionlygy
Birinjilik ugrunda ýiti göreş
Transfer möwsümi tamamlandy
Hirşeriň 9-njy, Şiffriniň 7-nji medaly
Hirşeriň 9-njy, Şiffriniň 7-nji medaly