Parižde geçen Ýokary moda hepdeliginde adamyň endamyna spreý görnüşinde sepilýän köýnek bilen tanyşdyrdylar.
Parižiň Coperni brendiniň görkezilişiniň soňlamasynda 25 ýaşly model Bella Hadid podiuma ýalaňaç diýen ýaly çykdy.Ol ýodajygyň ahyryna çenli ýöräp, aýak çekdi we ellerini ýokary galdyrdy.Onuň ýanyna elleri pulwerizatorly adamlar bardylar we modeliň tenine ak substansiýany sepmäge durdular, substansiýa derä galtaşan dessine synanyň galypyny alyp, gatady. Şol wagtyň özünde Coperni-niň topary bu piläni gerdeni açyk köýnege öwürdi: işgärler ýakalykdaky gerekmejek matany işdiler we ýubka dilik etdiler.
Bella Hadid podiumdan eteklerine ýyrtyk şekil berlen owadan köýnekli çykyp gitdi.Bu işe spreý-köýnegi oýlap tapan ispan dizaýneri Manel Torres beýemçilik etdi.Dostlarynyň bir oturylyşygynda ol jaýyň içini ballonçikden sepilen serpantin bilen bezändiklerini görýär. Şonda bu pikir kellämden at salyp geçdi — diýip, ol soňra žurnalistlere gürrüň berýär.
Geýim bezegi bilen gyzyklanýan Torresiň aňynda, adaty kerebiň mysalynda, adamyň gös-göni egninde futbolka örüp boljak spreýi döretmek pikiri döreýär. Ýöne iş ýüzünde muny nädip amala aşyrjagyny bilmeýär.Ol Londondaky täzeçillik taslamalaryna gujak açýanlygy bilen meşhur bolan Imperiýa kollejine barýar.
Onuň başlangyjy ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň göwnüne ýaraýar we Manele synaglaryny geçirmek üçin barlaghana we material bölüp berýärler.