7-nji iýulda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde türkmen we fransuz hünärmenleriniň wideoduşuşygy geçirildi. Ol Fransiýanyň Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini guramak meselesine bagyşlandy.
Onlaýn duşuşykda türkmen hünärmenleri, şol sanda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirligiň işgärleri Luwr muzeýiniň Gadymy Gündogar departamentiniň ylmy işgärleri bilen sergini guramagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapynyň taýýarlan bu taslamasy we ony amala aşyrmagyň tapgyrlary bilen baglanyşykly konsepsiýasyna garaldy.Gepleşikleriň dowamynda sergini guramagyň ugurlary, ady, onda goýuljak gymmatlyklar boýunça pikir alyşmalar boldy.Parižiň Luwr muzeýinde guraljak sergide Türkmen-fransuz arheologiýa toparynyň 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda iş alyp barýan Ulugdepe ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan gymmatlyklar goýlar.
Bu halkara çärä gatnaşanlaryň hatarynda arheolog, bioantropolog, Türkmen-fransuz arheologiýa toparynyň ýolbaşçylarynyň biri, Ulugdepe ýadygärligindäki açyşlara bagyşlanan ylmy-barlaglaryň awtory, doktor Hulio Bendezu-Sarmiýenton hem bar.Medeni gymmatlyklar boýunça hünärmen, Luwryň gadymy dünýä bölüminiň işgäri Agnez Benua Aşgabatda arheologiýa boýunça geçirilen halkara ylmy maslahata gatnaşandygyny, bu serginiň ýurtlaryň muzeýleriniň arasyndaky işewür gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädime öwrüljekdigini hem-de muzeýiň ýolbaşçy düzümi tarapyndan zerur işleri guramak boýunça resminamalar toplumynyň taýýarlanylandygyny aýtdy.