Parižiň Gime muzeýinde türkmen sergisini guramak mümkinçiligi maslahatlaşyldy

Parižiň Gime muzeýinde türkmen sergisini guramak mümkinçiligi maslahatlaşyldy

Wise-premýer Mährijemal Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Parižde iş saparynyň çäginde Fransiýanyň Gündogar medeniýeti Milli muzeýiniň (Gime muzeýiniň) ýolbaşçysy Ýannik Linz bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň metbugat bölüminde habar berildi.

Taraplar duşuşygyň dowamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekligi hem-de Gime muzeýinde Türkmenistanyň milli mirasyny şöhlelendirjek sergini guramaklygy ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, söhbetdeşligiň dowamynda gadymy Parfiýanyň paýtagty bolan Nusaýdan tapylan tapyndylara bagyşlanan sergini guramak hakynda gürrüň edildi.

Häzirki wagtda bu gadymy ýerde arheologiki barlag işleri dowam etdirilýär, galanyň köp ýerleri taryhy nusgasynda gaýtadan dikeldildi. 2007-nji ýylda Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizildi. Ýeri gelende belläp geçsek, 1994-nji ýylda Fransiýanyň Prezidenti Fransua Mitteran Nusaýa baryp görüpdi.

Gime muzeýi — Gündogar medeniýetine bagyşlanan dünýäde iň uly muzeýleriň biridir. Bu muzeý XIX asyrda meşhur fransuz telekeçisi bolan Lion Gimeniň adyny göterýändir. Çünki, 1889-nji ýylda Lion Gime bu muzeýi esaslandyrmak tekilibi öňe sürüpdir. Ol kolleksioner bolup Gündogar ýurtlaryndan özboluşly taryhy artefaktlary, tapyndylary ýygnapdyr. Onuň kolleksiýasy ady agzalan muzeýiň açylmagyna esas bolupdyr.

Owal biz okyjylarymyza Türkmenistanyň taryhy gymmatlyklaryna bagyşlanan sergini Luwrde guramak hakynda gepleşikleriň geçirilendiginem habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Fransua Baýru Fransiýanyň täze Premýer-ministri boldy
Kanadada Huawei we ZTE kompaniýalarynyň önümlerini ulanmak gadagan edildi
Ikinji möhlet üçin kasam kabul etdi
Emmanuel Makron ýaňadandan Prezident wezipesine saýlandy
Hemmelere elýeterli ulag bolar
“Oskaryň” iki gezek eýesi edebi ogurlykda günäli diýlip ykrar edildi