Pariže türgenler we olimpiýa toparlary gelýärler

Pariže türgenler we olimpiýa toparlary gelýärler

Fransiýanyň paýtagtyna yzy üzülmän bütin dünýäden türgenler we olimpiýa toparlarynyň agzalary gelýärler. Olimpiýa oýunlary resmi taýdan şu annada başlanar.

Peruly sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça türgen gyz Mariýa Luiza Doýg Kalderon üçin bu üçünji Olimpiada, bu gezek ol öz ýurdunyň baýdagyny ýaryşlaryň açylyş dabarasynda götermeli.

Mariýa şeýle gürrüň berýär: Bu elbetde, meniň durmuşa geçen arzuwym. Biz munuň üçin gaty köp türgenleşýäris. Men sportuň bu görnüşi bilen eýýäm 28 ýyl bäri meşgullanyp gelýärin, bu üçünji Olimpiýa oýunlarym, men onuň başlanjakdygyna begenýärin.

Britaniýaly badmintonçy gyz Kristi Gilmur hem oýunlara ilkinji gezek gatnaşanok. Ol wagt geçirmek üçin olimpiýa şäherjigindäki ýaşajak ýerini tertibe salýar.

Kristina şeýle gürrüň berýär: Men öýden öz ýassygymy getirdim. Olimpiýa obasyndaky berk tertip-düzgünli durmuşy azajygam bolsa ýeňilleşdirmek üçin öýümizdäki ýagdaýy duýar ýaly kiçeňräk şem hem alyp geldim.

Bu barada euronews.com ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Braziliýa Kopa Amerikada ýaryşdan çykdy
Köp gatnawly howa menzilleri
Pep we onuň şägirtleri (makala)
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematogtafiýa baradaky döwlet komitetine ABU-na agzalyk teklip edildi
Türkmenistanda Gadymy Änew medeniýeti atly halkara ylmy maslahat geçirildi
Luiza Pampelli: Garry atam R.Pampelliniň Änewde eden arheologik açyşyna 120 ýyl dolýar