Parižde TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi

Parižde TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi

BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Pariždaky ştab-jaýynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 30 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi.

15-nji dekabrda bolan dabara dünýäniň 7 ýurdundan 70-e golaý artist we 1500-e golaý tomaşaçy gatnaşdy.

Çäre Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary tarapyndan TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, dabara TÜRKSOÝ-nyň baş sekretarynyň orunbasary Sait Ýusuf, ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş Konferensiýasynyň Prezidenti Simona-Mirela Mikulesku, ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň daşary aragatnaşyklar boýunça orunbasary Entoni Kwaku Ohemeng-Boama, Türki Döwletleriň Guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew, şeýle-de TÜRKSOÝ-a gatnaşyjy döwletleriň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hemişelik wekilleri we ilçileri gatnaşdylar.

Merkezi Aziýadan tä Anadola çenli aralykda ýerleşen türki halklaryň sazlary we milli aýdymlary ýaňlanan, şeýle-de sebitiň ýurtlarynyň milli egin-eşiklere geýinen artistleri tarapyndan ýerine ýetirilen milli tanslary tomaşaçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmen artistleri türkmen milli tansy Küşdepdini ýerine ýetirdiler.

2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Çeju şäherinde (Koreýa Respublikasy) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 12-nji mejlisiniň dowamynda Küştdepdi aýdym we tans dessury ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Ýene degişli makalalar

Birnäçe daşary ýurt raýatyna Türkmenistanda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany gowşuryldy
Marokkoda ICESCO-nyň meýdançasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreler geçirildi
Türkmenistanda Gorkut ata atly halkara kinofestiwala taýýarlyk görülýär
28-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Kiýewde Ukrainanyň “Bilim” jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Siwas şäheriniň döwlet teatry Aşgabatda Garajaoglanyň yşk hekaýatynyň täze beýany bilen çykyş etdi