13-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň Pariž şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda türki dilleriň iň esasy taryhy ýadygärligi hasaplanylýan Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk eseriniň 950 ýyllygyna bagyşlanylan halkara maslahat geçiriler. Oňa Türkmenistan hem gatnaşar.
Report internet neşiriniň habar bermegine görä, halkara maslahata türki dilli döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparlarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de guramanyň ýanyndaky hemişelik wekilleri gatnaşarlar.Mundan başga-da, halkara maslahat Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan, Türkmenistan, Wengriýa we beýleki ýurtlardan alymlary bir ýere jemlär.
Olar Diwany lugat at-türk eserini öwrenmek boýunça alnyp barylan işler, bu gollanmanyň türki dilleriň taryhyny öwrenmekdäki ähmiýeti dogrusynda pikir alşarlar.
Mundan başgada, halkara maslahatyň çäginde Diwany lugat at-türk eseriniň awtory, XI asyryň görnükli ylym adamlarynyň biri bolan türkmen alymy Mahmyt Kaşgarlynyň mirasyny öwrenmekde alnyp barlan ylmy gözlegleriň netijeleri tanyşdyrylar. Şeýle-de Diwany lugat at-türk eseri barada dokumental filmiň görkezilişi guralar.