Şu gün Parižde geçirilýän Türkmenistanyň nebit-gaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maýa goýum forumynyň (TEIF — 2024) ikinji güni geçirilýär.
Forumyň esasy maksady Türkmenistanyň energetika pudagynyň nebit we gazy gazyp almak, daşamak we gaýtadan işlemek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak, ibermek, gurmak, şol sanda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň daşky gurşawy goramakdaky taraplaryny kämilleşdirmek we beýleki ugurlara göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybaratdyr.
TEIF — 2024-iň guramaçylary bolup Türkmennebit, Türkmengaz döwlet konsernleri, Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy, Turkmen Forum we GaffneyCline kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Forumyň ikinji gününde iki sessiýa meýilleşdirilýär: Arassa energiýa we häzirki zaman infrastrukturasyndaky taslamalary öňe sürmekde maliýe guramalarynyň orny we Türkmenistanyň gurluşyk, gaz himiýasy, ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky täze taslamalara maýa goýumlaryny çekmek işini çaltlaşdyrmak.
Arassa energiýa we häzirki zaman infrastrukturasyndaky taslamalary öňe sürmekde maliýe guramalarynyň orny atly sessiýada arassa energiýany we ýaşyl geljegi ösdürmekde halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň orny, energiýa taslamalaryny maliýeleşdirmegiň häzirki tendensiýalary, şeýle-de Türkmenistanyň energiýa öwrülişigi meselesindäki wezipeleri dogrusynda pikir alşylar. Sessiýada çykyş ederler:
Annageldi Saparow — Türkmenistanyň energetika ministri
Merdangult Päliwanow — Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary
Rahymberdi Japarow — Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň dolandyryşynyň başlygy
Lo Sýaomin — Honghua Group Limited kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary
Paskal Lami — Parižiň Parahatçylyk forumy Assosiasiýasynyň wise-prezidenti
Mihail Solowýew — EMEA, Fitch Ratings-iň Korporatiw iş we gatnaşyklary dolandyrmak bölüminiň ýolbaşçysy
Stiwen Konlon — Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky iliçisi (onlaýn)
Olga Gassan-zade — ICA-Finance AS-yň geňeşçisi
Türkmenistanyň gurluşyk, gaz himiýasy, ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky täze taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmek işini çaltlaşdyrmak sessiýasy gurluşyk, ulag, IT we telekommunikasiýa ugurlaryna hem-de täze infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmäge bagyşlanar.
Türkmenistan ählumumy ulag ulgamlaryna işjeň goşulyşýar hem-de deňiz, demir, howa ýollaryny we hemra aragatnaşygynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ulag we aragatnaşyk pudagyndaky maýa goýujylara amatly şertleri döredýär.
Täze taslamalar üçin ägirt uly mümkinçilikleri hödürleýän Türkmenistanyň tebigy baýlyklary boýunça geologiki gözlegleriň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşylar. Çykyş ederler:
Gurbangeldi Garlyýew — Türkmengeologiýa DK-niň başlygy
Döwrangeldi Sapbaýew — Türkmenhimiýa DK-niň başlygy
Hajymyrat Hudaýgulyýew — Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy
Mari-Elen Berar — Fransiýa Türkmenistan Söwda palatasynyň prezidenti
Sultan-zade Rifat Wahdat — Caspian Logistics Solutions kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary
Baýrammyrat Atamanow — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory
Sergeý Abramow — Stamicarbon kompaniýasynyň ygtyýarnamalary bermek boýunça menejeri
Erik Imbert — Thales Alenia Space kompaniýasynyň eksport önümlerini dolandyrmak bölüminiň başlygynyň orunbasary