Parižde özboluşly tehnologiýa şüweleňi geçýär

Parižde özboluşly tehnologiýa şüweleňi geçýär

Şu günler Fransiýanyň paýtagtynda dowam edýän tehnologik şowhunda meşhur suratkeş Wan Goguň janly nusgalygy bilen söhbet etmek, lukmanlar üçin ekzoskeletleri geýip görmek bolýar diýip, Habar 24 ýazýar.

Täsin tehnologiýalaryň şüweleňinde dünýäniň dürli ýerlerinden startaplaryň 7 müňden gowragy bilen tanyşdyrylýar. Çäräniň geçýän binasynyň girelgesinde adamlary nusgawy niderland suratkeşi Winsent Wan Goguň wirtual keşbi garşylaýar.Oňa sowal bilen ýüzlenmek, dürli temalar boýunça pikir alyşmak mümkin.

Bu taslamany işläp düzüji kompaniýa interaktiw diwarlyklary, muzeýleri bezemek we tematiki parklary döretmek bilen meşgullanýar.Onuň işgärleriniň geljekde toslanyp tapylan gahrymanlaryň wirtual nusgalaryny döretmek maksatlary bar.

Ýene degişli makalalar

110 ýaşly erkek kişi uzak ýaşamagynyň syryny açdy
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Mewlüt Çawuşogly Gwineýalylara çagyryş berdi...
Aşgabat binalar toplumy halkara güwänamalaryna mynasyp boldy
Wenesuelanyň 112 ýaşly ýaşaýjysy dünýäde iň garry erkek adam diýip ykrar edildi
Dünýäniň Iň Ýaşuly Adamy 113 Ýaşynda