Ozal habar berşimiz ýaly, Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Ştab-kwartirasynyň binasynda Leksikografiýada dünýäniň kartografiýasy: Diwany lugat at-türk eseriniň 950 ýyllygy atly halkara konferensiýa geçirildi.Oňa Türkmenistan hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, maslahat türki dünýäsiniň we dünýä medeni mirasynyň gymmatly hazynasy bolan türk diliniň ilkinji ensiklopediki sözlüginiň (Diwany lugat at-türk) 950 ýyllygyna, şeýle-de onuň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizilmegine bagyşlanyldy.
Maslahata Fransiýada akkreditirlenen türki döwletleriň ilçileri, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlarynyň jogapkär sekretarlary, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky türki ýurtlaryň hemişelik wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Wengriýanyň hem-de beýleki döwletleriň görnükli alymlary gatnaşdylar.
Maslahatda ÝUNESKO-nyň we beýleki halkara guramalaryň wekilleri, görnükli gündogarşynaslar we türkologlar çykyş etdiler.
Türk medeniýetiniň we mirasynyň gaznasynyň prezidenti Aktoty Raýymkulowa giriş sözünde bu meşhur eseriň taryhy ähmiýetini we häzirki wagtda medeniýetara dialogy ösdürmekdäki ornuny nygtady.
ÝUNESKO-nyň Afrika we daşary gatnaşyklar boýunça Baş direktorynyň orunbasary Firmin Eduard Matoko bu eseriň diňe bir türk halklar üçin däl, eýsem, bütindünýä medeni mirasy üçin hem uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdi.
Ýeri gelende bellesek, ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş maslahatynda Diwany lugat at-türk eseriniň 950 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi. Bu çözgüt Wengriýanyň, Mawritaniýanyň, Marokkonyň, Kataryň we Täjigistanyň goldawy bilen Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilelikdäki teklibi esasynda kabul edildi.
Maslahat ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlaryň we ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanalaryň ýardamy bilen guraldy.