Parižde Leksikografiýada dünýäniň kartografiýasy: Diwany lugat at-türk eseriniň 950 ýyllygy atly halkara maslahat geçirildi

13-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň Pariždäki Baş edarasynyň binasynda Leksikografiýada dünýäniň kartografiýasy: Diwany lugat at-türk eseriniň 950 ýyllygy atly halkara konferensiýa geçirildi.Maslahat türki dünýäsiniň we dünýä medeni mirasynyň gymmatly hazynasy bolan türk diliniň ilkinji ensiklopediki sözlüginiň (Diwany lugat at-türk) 950 ýyllygyna, şeýle hem onuň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizilmegine bagyşlandy.

Maslahata Fransiýada akkreditlenen türki döwletleriniň Ilçileri, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky milli toparlarynyň Jogapkär sekretarlary, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky türki ýurtlarynyň hemişelik wekilleri we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Wengriýanyň hem-de beýleki döwletleriň görnükli alymlary gatnaşdylar.

Maslahatda ÝUNESKO-nyň we beýleki halkara guramalaryň wekilleri, görnükli gündogarşynaslar we türkologlar çykyş etdiler.Türk medeniýetiniň we mirasynyň gaznasynyň prezidenti Aktoty Raýymkulowa giriş sözünde bu meşhur eseriň taryhy ähmiýetini we häzirki wagtda medeniýetara dialogy ösdürmekdäki ornuny nygtady. ÝUNESKO-nyň Afrika we daşary gatnaşyklar boýunça Baş direktorynyň orunbasary Firmin Eduard Matoko bu eseriň diňe bir türki dünýäsi üçin däl, eýsem bütindünýä medeni mirasy üçin hem uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdi. ÝUNESKO-nyň 42-nji Baş maslahatynda Diwany lugat at-türk eseriniň 950 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi.

Bu karar Wengriýanyň, Mawritaniýanyň, Marokkanyň, Kataryň we Täjigistanyň goldawy bilen Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilelikdäki teklibi esasynda kabul edildi.Maslahat ÝUNESKO-nyň işleri baradaky milli toparlaryň we ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryň ýardamy bilen geçirildi. /* custom css */ .td_uid_15_67601874875ff_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67601874875ff_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Parižde Leksikografiýada dünýäniň kartografiýasy: Diwany lugat at-türk eseriniň 950 ýyllygy atly halkara maslahat geçirildi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Haýsy ýurt tutýan meýdanynyň giňdigine garamazdan, iň az ilatly hasaplanýar
Fuat Oktaý Mawritaniýanyň Prezidentini Türkiýä çagyrdy
Türkiýäniň Nar eksporty 2020-nji ýylda rekord derejä ýetdi