Parižiň köçelerinde düýeleriň, lamalaryň we alpaklaryň ýörişi geçirildi. Bu barada Asharq Al-Awsat gazeti habar berdi diýip, Izwestiýa ýazýar.
Çärä dünýäniň 30 ýurdunda, şol sanda Saud Arabystanynda, Omanda, Alžirde, Marokkoda we Hindistanda düýedarçylyk bilen meşgullanýanlaryň wekilçilikli toparlary gatnaşdylar. Dabaraly ýöriş wagty şäheriň ýaşaýjylarynyň öňünden 50-den gowrak düýe geçirildi, olaryň arasynda dürli tohumdan bolan lamalar we alpaklar bar. Olaryň arkasyna gatnaşyjy ýurtlaryň baýdaklar ýapylypdyr.
Şäherlileriň we jahankeşdeleriň köpüsi olaryň ýanynda ýadygärlik surata düşdüler.
Habarda 2024-nji ýylyň BMG tarapyndan Düýe uruglylaryň halkara ýyly hökmünde yglan edilendigi bellenýär. Dabara gatnaşyjylar bu hojalyk mallarynyň dünýäniň 90-dan hem köp ýurdunda millionlarça hojalyklaryň ýaşaýşynda möhüm orun eýeleýändigini aýdýarlar.