Parižde abatlanan Notr-Dam baş ybadathanasy açyldy

Parižde abatlanan Notr-Dam baş ybadathanasy açyldy

Fransiýanyň paýtagtynda bäş ýyl mundan öň ýangynda güýçli harap bolan Pariž Keramatly Bibimerýem sobory täzeden açyldy. Dabarany ýurduň BFMTV teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Baş ybadathananyň açylyş dabarasyna Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrondan başga-da dünýä Liderleridir görnükli jemgyýetçilik işgärleri hem-de işewürler gatnaşdylar.

Pariž Bibimerýeminiň soborynda 2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde güýçli ýangyn boldy. Ýangyny ertesi söndürmek başartdy. Ýangynda ybadathananyň gümmezi we üçegi ýumruldy, içki bölegine hem zeper ýetdi.

Baş ybadathanany dikeltmek işi bäş ýyl dowam etdi.

Ýene degişli makalalar

Taýwanda söwda merkezinde partlama boldy
Ýangynlary söndürmek üçin ykjam diň
Ispaniýada Garrylar Öýünde Bolan Ýangynda 10 Adam Ýogaldy
ABŞ-da Tokaý Ýangynlary Sebäpli 1 Adam Ýogaldy
Jemgyýetiň asudalygy raýatlaryň bagtyýarlygy
Türkmenistanda ýol düzgünleriniň bozulandygynyň jerimelerini tölemek üçin Galkan töleg goşundysy iOS goşundysynda elýeterli boldy