Pariž Olmpiadasyny geçirmek üçin 8,2 milliard dollar sarp edildi

Pariž Olmpiadasyny geçirmek üçin 8,2 milliard dollar sarp edildi

Parižde geçen tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin çykdajylar 8,2 mlrd dollara deň boldy diýip, WalletHub seljeriş kompaniýasynyň bahalandyrmalaryna salgylanýan Kapital.kz habar berýär. Bu bahalandyrma stadionlary abadanlaşdyrmaga, açylyş we ýapylyş dabaralarynyň geçirilmegine, şeýle-de azyk üpjünçiligi hem-de zähmet haklary bilen bagly çykdajylary hem öz içine alýar.

Agzalan çykdajylaryň 3,2 milliard dollary Olimpiadany geçirmek üçin infrastrukturany taýýarlamaga sarp edildi diýlip, WalletHub kompaniýasynyň hasabatynda bellenýär. Awtoulag we demir ýollaryň, howa menzilleriniň hem-de myhmanhanalaryň täzelenmegi bilen bagly çykdajylar, adatça, Olimpiýa oýunlarynyň býujetine girizilmeýär.

Oýunlaryň petekleriniň 2,5 milliony daşary ýurtly raýatlara satyldy. Olimpiada baran jahankeşdeleriň sarp eden çykdajylary 2,8 mlrd dollar derejede çaklanýar. Şunlukda, Pariž Olimpiadasy tomusky we gyşky Oýunlaryň arasynda çykdajylarynyň möçberi boýunça altyny orny eýeledi.

Iň gymmat bahaly Olimpiýa oýunlary 2014-nji ýylda Russiýanyň Soçi şäherinde geçen oýunlar boldy. Oňa 22 mlrd dollar sarp edildi diýlip, habarda bellenýär.

Soňky gezek Parižde Olimpiada 1924-nji ýylda geçirildi.

Ýene degişli makalalar

“Real Madrid” ýeňiş bilen başlap bilmedi, “Barselona” ilkinji tapgyrda ýeňiş gazandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Çelsi”“Arsenal”, “Tottenham”“Liwerpul”, “Roma”“Lasio”, “Ýuwentus”“Inter”
Barselona 1-0, Real Madrid 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy
ABŞ-daky tüweleýde bir adam ýogaldy
Altyň biri aşaky liga düşer