Pariž Olimpiadasynda “K-pop” aýdymçysy çykyş eder

Soňky ýyllarda bütin dünýäde ýoň bolan “K-pop” aýdymy Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda hem ýaňlanar. BTS toparynyň agzasy Jiniň alaw göteriji hökmünde Koreýa Respublikasyna wekilçilik eder. 31 ýaşly aýdymçy olimpiadanyň çäklerinde raýdaşlygy we parahatçylygy ýaýratmak maksady bilen geçirilýän alawly ýörişlere gatnaşar.

Jiniň golaýda Watan öňündäki 18 aýlyk gulluk borjuny berjaý edip gelendigi hem mälim edildi. Jin beýleki alaw göterijiler bilen Fransiýanyň dürli şäherlerindäki taryhy ýerleri hem aýlanar.

BTS toparynyň Jung Kook, V, Jimin, Suga, RM we J-Hope atly beýleki agzalary häzirki wagtda hökmany gulluk borçlaryny ýerine ýetirýärler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda meşhur BTS toparynyň wideokonserti geçiriler
Ysraýyl Liwanyň gündogaryna harby howa hüjümini gurady
ABŞ-da dünýäde iň agyr kädi ösdürip ýetişdirdiler
BAE-de Gün elektrik stansiýasy işe giriziler
Merkezi Aziýa we Koreýa respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji forumy geçirildi
Türkmenistanyň parlamentiniň wekiliýeti Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek atly maslahata gatnaşdy