Pariž awtoulag sergisi elektroulaglar köpelýär

Düýn öz gapylaryny giňden açan Pariž awtoulag sergisi 14-ine çenli dowam eder. Dünýäniň dürli ýerlerinden awtoulag we ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän kompaniýalaryň soňky önümlerini getiren sergisinde täze modelleriň tanyşdyrylyş dabaralary hem geçirilýär. Frankfurt awtoulag sergisi bilen iki ýyldan bir gezek gezekleşdirilip geçirilýän gözden geçiriliş bu ugurda dünýäde we Ýewropada öňdäki orunlary eýeleýär.

Sergide soňky ýyllarda elektrokarlaryň ýaýbaňlanmagy netijesinde bu ugurda işleýän, ozal awtoulag önümçiliginde ady eşidilmedik brendleri we modelleri hem görmek bolýar. Şeýle-de şol bir modeliň ýangyjyň başgaça görnüşleri bilen işleýän nusgalary hem bar. Sergide görkezilen käbir ulaglar barada gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.

“E-Tense”: “Groupe PSA” (esasy brendi “Peugeot”) awtoulag kompaniýasyna degişli “DS Automobiles” tarapyndan çykarylan ulag daşky şekiliniň üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar.Adaty öý şertlerinde zarýad berip bolýan ulagyň kuwwaty 300 at güýjüne barabar.

Ol 50 kilometre çenli diňe elektrik hereketlendirijisi bilen ýöräp bilýär.Bu ýerde görkezilen “DS 3 CROSSBACK” modeliniň sürüjisi üçin hödürleýän mümkinçilikleri häzirki wagtda bar bolan hiç bir awtoulagyňka meňzemeýär.

Onuň benzinli we dizel görnüşleri bar.Golaýda gibrid görnüşi hem peýda bolar.

“Audi”: nemes brendi fransuz paýtagtyna diňe SUV we “Crossover” ulaglaryny getiripdir. “A1 Sportback”, “A6 Avant” we TT modelleri bilen bir hatarda Q3, Q8 we SQ2 ulaglary köpçülige görkezilýär. “Audi” hem elektriklileriň bäsdeşliginden yzda galmak islemeýär. Şonuň üçin “e-Tron” elektroulagynyň täze nusgasy hem serginiň myhmanlaryna görkezilýär.

Indiki ýylyň iýulyndan satylyp başlanjak bu ulag “Tesla Model X” we “Mercedes-EQC” ulaglarynyň esasy bäsdeşi bolar.Onuň bir gezekki zarýad bilen geçýän ýoly 400 km-e deň bolar.

BMW: brendiň has köp satylýan modeli bolan 3-nji seriýasynyň iň täze görnüşi görkezildi.Bu ulag barada häzire çenli hiç zat aýdylmandy.Täze nusganyň içi, ululygy 3-nji seriýasynyň aýratynlyklaryny saklap galmak bilen, ozalkylardan üýtgedilipdir.

Ozal bu ulagyň üsti ýapyk görnüşiniň Amerikadaky yssy çölde, Demirgazyk polýusa golaý ýerde sowuk howada synag sürüşleri köpçülige görkezilipdi.Ol köpçülikleýin önümçiligi ýola goýlan aerodinamika babatda iň gowy ulag bolar. “BMW 3” seriýasyndan başga nemes brendiniň täze Z4, 8-nji seriýasyna degişli “Coupe”, täzelenen i3, “M5 Competition”, X2 M35i we täze X5-iň uly gyzyklanma döretmegine garaşylýar.

“Mercedes-Benz”:Parižde ozal hiç ýerde görkezilmedik B seriýasyna degişli GLE we A 35 4MATIC-i görkezýär. Brendiň dürli howa şertlerinde ýöreýän kuwwatly ulaglary görkezilýär.

“Forease”: 20 ýyl ozal peýda bolan kindiwanja awtoulag brendi “smart” bu şanly sene mynasybetli ýörite modelini Pariže getiripdir. Tutuşlygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulag dünýäniň dürli ýurtlarynda satuwa çykarylar.

“Peugeot e-Legend”: Italiýanyň awtoulaglaryň dizaýnyny taýýarlaýan “Pininfarina” şereketi bilen bilelikde 60-njy ýyllarda çykarylan “504 Coupe” modeline meňzedilip taýýarlanan “e-Legend” elektrik energiýasy bilen işleýär. Kuwwaty 456 at güýjüne barabar bolan ulag 4 sekuntda 100 km/s tizlige çykýar. Iň ýokary tizligi 220 km/s barabar bolan ulagyň bir gezekki zarýady 600 km-e ýetýär.

“Lexus”: ýapon brendiniň iň meşhur kompaniýasynyň täze SUV UX ulagy bilen bir hatarda sport “coupe” modellerini hem görkezýär. Kompaniýa “LC Yellow Edition” hem-de “CT Hybrid” modelleriniň täzelenen görnüşini Ýewropada ilkinji gezek köpçüligiň öňüne çykardy.

“Skoda Vision RS”: daşky görnüşiniň üýtgeşikligi bilen tapawutlanýan “Kodiaq” ünsi iň köp özüne çekýän ulaglaryň biri boldy.Gibrid ulagyň 1,5 litr göwrümli benzinli hereketlendirijisiniň kuwwaty 150 at güýjüne deň, elektrikli bölegi 102 at güýjüne barabar. “Skoda” olaryň bilelikdäki kuwwatynyň 245 at güýjüne barabardygyny belleýär.

Ol 7,1 sekuntda 100 km/s tizlige çykýar. Ýokary tizligi 210 km/s-a ýetýän ulagy sport, adaty we EV režiminde sürüp bolýar.Iň amatly sürüş sport režimi hasaplanýar.

Diňe elektrikli hereketlendirijisini ulanmak üçin EV režimini saýlamaly.Bu usulda onuň ýokary tizligi sagatda 70 kilometrden geçmeýär.Onuň batareýasy 2,5 sagatda dolýar.

Ýene degişli makalalar

Zenan žurnalistler ýylyň iň gowy awtomobillerini saýladylar
“2021-nji ýylda Ýewropada ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi
Ýylyň awtomobili — 2022 bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi
“Ýewropada ýylyň awtomobili” adyna dalaşgär modelleriň sanawy düzüldi
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi