Pariž 2024 Taryhdaky iň köp petek satylan Olimpiýa oýunlary boldy

Hepdäniň anna güni açylyş dabarasy geçiriljek Pariž 2024 XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda petekleriň satuwy rekord derejä ýetdi.Satuwa çykarylan 10 million petegiň 9,3 milliony satyn alyndy. Şeýlelikde, 28 ýyldan soň petek satuwy boýunça Olimpiýa oýunlarynyň rekordy täzelendi.

Mundan ozalky rekord Atlanta 1996-a degişli bolup, ABŞ-da geçirilen şol Olimpiadada 8,3 million petek satylypdy.Pariž 2024-iň petek bahalary 90, 250, 500, 900, 1600, 2700 ýewro bahadan satuwa çykarylypdy.

Hatda 2700 ýewrodan petek satyn alanlaryň käbirleri iýip-içgi hyzmatyndan hem peýdalanmak üçin 3850 ýewro tölemeli boldy.

Açylyş dabarasynyň geçiriljek ýeri bolan Sena derýasynyň kenarynda ýerleşýän öýleri wagtlaýynça kireýine almak hem bolýar. Öý eýeleri tarapyndan şol açylyş dabarasynyň geçiriljek güni üçin kireý tölegleriniň iň pesi 20 müň ýewro diýip kesgitlendi.

Açylyş dabarasy Sena derýasynyň üstünde 6,5 kilometrlik aralykda geçiriler. Toparlar gaýyklar bilen derýadan geçip, Trokadero meýdançasyna bararlar.

Ýene degişli makalalar

40 ýyldan soň rekord bilen gazanylan taryhy altyn medal
Olimpiýa oýunlary başlaýar: petek satyşyndan rekord goýuldy
Köp gatnawly howa menzilleri
Baýden bilen Tramp teleýaýlymda pikir alyşdylar
Türkmen agyr atletikaçylary Olimpiýa oýunlaryna Gruziýada taýýarlyk görýärler
“Atalantadan” “Atlanta”