Pariž 2024: Ispaniýa 32 ýyldan soň altyn medala mynasyp boldy

Pariž 2024-de erkekleriň arasyndaky futbol ýaryşynda Ispaniýanyň Olimpiýa topary çempionlyk gazandy. Olar Pariždäki “Park de Prens” stadionynda oýnalan finalda ýer eýeleri Fransiýany goşmaça wagtda 5-3 hasabynda ýeňdi.

Ilkinji bolup hasaby fransuzlar açan hem bolsa, ispanlar duşuşygyň 30-njy minuty dolmanka 3-1 öňe saýlandylar. 2-nji ýarymda soňky 11 minutda fransuzlar hasaby deňlese-de, ispanlar goşmaça 30 wagtda 2 gol geçirmegi başardy.

Duşuşykda Fransiýanyň gollaryny 11-nji minutda Millo, 79-njy minutda Akliuçe, 90+3-nji minutda penaltiden Mateta geçirdi.Ispanlardan 18-nji we 25-nji minutlarda Fermin Lopes, 28-nji minutda Baena, goşmaça wagtda, 100-nji we 120+1-nji minutlarda Kamelýo tapawutlandy.

Şeýlelikde, Ispaniýanyň ýygyndysy 1992-nji ýyldan soň 2-nji gezek Olimpiýa oýunlarynyň çempiony bolmagy başardy.Olar 1920-nji, 2000-nji we 2020-nji ýyllarda-da finalda ýeňlipdi.

Ispaniýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatyndan soň Olimpiýa oýunlarynyň hem çempionlygyny gazanyp, bir ýylyň dowamynda bu iki ýaryşda ýeňiji bolan 2-nji ýurt hökmünde hasaba alyndy.Bu ugurda 1-nji ýurt Fransiýa bolup, olar 1984-nji ýylda Ýewropanyň çempionlygyny hem-de Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazanypdylar.

Fransiýanyň Olimpiýa ýygyndysy 40 ýyldan soň 2-nji gezek altyn medal gazanmak mümkinçiligini elden giderdi.Fransuzlar 1900-nji ýyldaky Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlaryndan 124 ýyl soň ýene-de bu şäherde guralan Olimpiadanyň futbol ýaryşynda kümüş medal gazandy. 1900-nji ýylda Beýik Britaniýa altyn medala eýelik edipdi. Şol bir wagtyň özünde Fransiýa EURO 2016-dan soň Pariž 2024-de hem öz meýdançasyndaky finalda ýeňlişe sezewar boldy.

Ýene degişli makalalar

Ispaniýanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy finalda Fransiýanyň ýygyndysyny utup, Olimpiýa oýunlarynyň çempiony boldy
Wezipesinden boşadyldy, 20 million ýewro öweztöleg puluny alar
Aşgabatda “Türkmentel-2024” sergisi açyldy
YOUNG EURO CLASSIC ATLY HALKARA FESTIW
4 ýylda 4 kubok (makala)
Ýewropa çempionynyň 4-5 aý toparyna kömegi degmez