Pariž 2024-iň ilkinji medalyny gazagystanly, ilkinji altyn medalyny-da hytaýly türgenler gazandy

Pariž 2024 tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji medalynyň we ilkinji altyn medalynyň eýeleri belli boldy. Nyşana ok atmak boýunça 10 metr tüpeň ýaryşynyň toparlaýyn görnüşinde Gazagystanyň türgenleri Aleksandra Le bilen Islam Satpaýew bürünç medal duşuşygynda germaniýaly Maksimillian Ulbrih bilen Anna Ýanssenden 17:5 üstün çykyp, XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji medalyny gazandy.

Bu ugurda altyn medala hytaýly mergenler mynasyp boldy. Hytaýly Huan Utin bilen Şen Lihao ikisi finalda koreýaly Keum Ži Hýeon hem-de Pak Ha-Žuny 16:12 hasabynda ýeňdi. Hytaýly Şen Lihao Tokio 2020-de ýekeleýin ýaryşda kümüş medal gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk Koreýanyň lideri täze öndürilen uçarmansyz dronlary gözden geçirdi
Husiler, Gyzyl Deňizde Amerikan Gämilerini Nyşana Almaga Dowam Edýär
Pakistanda Syýasy Partiýanyň Mitingi Nyşana Alyndy
Husiler, ABŞ-na Degişli Harby Gämini Nyşana Aldy
“Ukraina, Ýesirleri Alyp Barýan Uçary Nyşana Aldy”
17-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal