Pariž 2024-de medal sanawynda amerikanlar soňky ýaryşda öňe saýlandy

Şowhunly dabara bilen tamamlanan Pariž 2024 tomusky Olimpiýa oýunlarynda medal sanawynda birinjilik ugrunda ýiti göreş soňky sport ýaryşy tamamlanýança dowam etdi.ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky bu göreşde amerikanlar bir basgançak öňe saýlandylar.

Zenanlaryň arasyndaky basketbol ýaryşynda gazanylan altyn medal amerikanlaryň 40-njy altyn medaly boldy.Olar 40 altyn medally hytaýlylardan kümüşde öňe saýlanmagy başardy we medal sanawyny 1-nji orunda tamamladylar.

ABŞ-nyň ýygyndysy bassyr 4-nji, soňky 7 Olimpiadada 6-njy, umumylykda 19-njy gezek medal sanawyny çür depede tamamlamagy başardylar.ABŞ-nyň ýygyndysy Pariž 2024-de 40 altyn, 44 kümüş, 42 bürünç, jemi 126 medal gazandylar.

Olar Tokiodakydan 1 altyn 3 kümüş, 9 bürünç köp aldylar.Taryhynda 2-nji gezek medal sanawyny birinji orunda tamamlamaga golaý gelen hytaýly olimpiýaçylar bassyr 2-nji gezek 2-nji ýeri eýelediler.

ABŞ bilen altyn medallary deň bolan Hytaý kümüş we bürünç medallarda garşydaşyndan ep-esli yza galdy. 27 kümüş, 24 bürünç medal gazanan hytaýlylar 91 medal bilen Parižden dolandylar.Hytaý 2008-nji ýylda Pekin Olimpiadasyna medal sanawyny iň ýokarda tamamlapdylar.

Soňky 3 günde 7 altyn medal gazanan Ýaponiýa sanawda 3-nji orny eýeledi.Olar 20 altyn, 12 kümüş, 13 bürünç, jemi 45 medal gazandylar.Awstraliýadan gelenler 18 altyn, 19 kümüş, 16 bürünç, jemi 53 medal bilen 4-nji orna mynasyp boldy. Ýer eýeleri fransuzlaryň soňky 2 günde 8 altyn medal gazanmak mümkinçilikleri bardy. Ýöne diňe 2-sinde altyna ýeten fransuzlar galan 6-synda münberiň 2-nji basgançagyna çykdylar.

Olar umumylykda 16 altyn, 26 kümüş, 22 bürünç, jemi 64 medal bilen özlerinde 3-nji gezek geçirilen Olimpiýa oýunlaryny 5-nji orunda tamamladylar.Olar 1900-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiadada 1-nji orny eýeläpdiler.

Soňky günlerde hasam tijenen Niderlandlar 15 altyn medal gazanyp, 6-njy, 14 altyny bolan Beýik Britaniýanyň türgenleri 7-nji, 13 altyn medally Günorta Koreýa 8-nji, 12 altyn, 13 kümüş medally Italiýa (15) bilen Germaniýa (8) bürünç medal aratapawudy bilen 9-10-njy orunlary eýelediler.

Jemi 64 ýurduň wekili (arasynda Bitarap toparyň türgenleri hem bar) azyndan 1 altyn medal gazandy.Altyn medalsyz kümüş ýa-da bürünç medal gazanan ýurtlaryň sany 15 bolup, 13 ýurt (arasynda Bosgunlar Olimpiýa topary hem bar) bolsa diňe bürünç medala eýelik etdi.

Pariž 2024-de jemi 92 ýurduň türgeni azyndan 1 medal gazanmagy başardy. 206 wekiliýetiň (204-si ýurt, 2-si umumy topar) Pariž 2024 Olimpiadasynda jemi 10 714 türgen çykyş, sportuň 32 görnüşiniň 48 ugry boýunça özara bäsleşdiler.

Jemi 329 altyn, 330 kümüş, 385 bürünç, jemi 1044 medal gowşuryldy.Medal alan ýurtlar Altyn Kümüş Bürünç Jemi 1 ABŞ 40 44 42 126 2 HYTAÝ 40 27 24 91 3 ÝAPONIÝA 20 12 13 45 4 AWSTRALIÝA 18 19 16 53 5 FRANSIÝA 16 26 22 64 6 NIDERLANDLAR 15 7 12 34 7 BEÝIK BRITANIÝA 14 22 29 65 8 GÜNORTA KOREÝA 13 9 10 32 9 ITALIÝA 12 13 15 40 10 GERMANIÝA 12 13 8 33 11 TÄZE ZELANDIÝA 10 7 3 20 12 KANADA 9 7 11 27 13 ÖZBEGISTAN 8 2 3 13 14 WENGRIÝA 6 7 6 19 15 ISPANIÝA 5 4 9 18 16 ŞWESIÝA 4 4 3 11 17 KENIÝA 4 2 5 11 18 NORWEGIÝA 4 1 3 8 19 IRLANDIÝA 4 0 3 7 20 BRAZILIÝA 3 7 10 20 21 EÝRAN 3 6 3 12 22 UKRAINA 3 5 4 12 23 RUMYNIÝA 3 4 2 9 24 GRUZIÝA 3 3 1 7 25 BELGIÝA 3 1 6 10 26 BOLGARIÝA 3 1 3 7 27 SERBIÝA 3 1 1 5 28 ÇEHIÝA 3 0 2 5 29 DANIÝA 2 2 5 9 30 AZERBAÝJAN 2 2 3 7 31 HORWATIÝA 2 2 3 7 32 KUBA 2 1 6 9 33 BAHREÝN 2 1 1 4 34 SLOWENIÝA 2 1 0 3 35 HYTAÝ TAÝPEÝI 2 0 5 7 36 AWSTRIÝA 2 0 3 5 37 GONKONG 2 0 2 4 38 FILIPPINLER 2 0 2 4 39 ALŽIR 2 0 1 3 40 INDONEZIÝA 2 0 1 3 41 YSRAÝYL 1 5 1 7 42 POLŞA 1 4 5 10 43 GAZAGYSTAN 1 3 3 7 44 ÝAMAÝKA 1 3 2 6 45 GÜNORTA AFRIKA 1 3 2 6 46 TAILAND 1 3 2 6 47 BITARAP TÜRGENLER 1 3 1 5 48 EFIOPIÝA 1 3 0 4 49 ŞWEÝSARIÝA 1 2 5 8 50 EKWADOR 1 2 2 5 51 PORTUGALIÝA 1 2 1 4 52 GRESIÝA 1 1 6 8 53 ARGENTINA 1 1 1 3 54 MÜSÜR 1 1 1 3 55 TUNIS 1 1 1 3 56 BOTSWANA 1 1 0 2 57 ÇILI 1 1 0 2 58 SENT LÝUSIÝA 1 1 0 2 59 UGANDA 1 1 0 2 60 DOMINIKAN RESP. 1 0 2 3 61 GWATEMALA 1 0 1 2 62 MAROKKO 1 0 1 2 63 DOMINIKA 1 0 0 1 64 PAKISTAN 1 0 0 1 65 TÜRKIÝE 0 3 5 8 66 MEKSIKA 0 3 2 5 67 ERMENISTAN 0 3 1 4 68 KOLUMBIÝA 0 3 1 4 69 GYRGYZYSTAN 0 2 4 6 70 DEMIRGAZYK KOREÝA 0 2 4 6 71 LITWA 0 2 2 4 72 HINDISTAN 0 1 5 6 73 MOLDOWA 0 1 3 4 74 KOSOWO 0 1 1 2 75 KIPR 0 1 0 1 76 FIJI 0 1 0 1 77 IORDANIÝA 0 1 0 1 78 MONGOLIÝA 0 1 0 1 79 PANAMA 0 1 0 1 80 TÄJIGISTAN 0 0 3 3 81 ALBANIÝA 0 0 2 2 82 GRENADA 0 0 2 2 83 MALAÝZIÝA 0 0 2 2 84 PUERTO RIKO 0 0 2 2 85 KABO WERDE 0 0 1 1 86 KOT-D’IWUAR 0 0 1 1 87 PERU 0 0 1 1 88 KATAR 0 0 1 1 89 BOSGUNLAR OLIMPIÝA TOPARY 0 0 1 1 90 SINGAPUR 0 0 1 1 91 SLOWAKIÝA 0 0 1 1 92 ZAMBIÝA 0 0 1 1 JEMI 329 330 385 1044

Ýene degişli makalalar

Pariž 2024-de medal sanawynda amerikanlar soňky ýaryşda öňe saýlandy
2022-nji ýylda satylan iň gymmat ulaglar
Plastikadan göwher alyndy
26-27-nji dekabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçiriler
Türkmen-rus hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy