Şowhunly dabara bilen tamamlanan Pariž 2024 tomusky Olimpiýa oýunlarynda medal sanawynda birinjilik ugrunda ýiti göreş soňky sport ýaryşy tamamlanýança dowam etdi.ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky bu göreşde amerikanlar bir basgançak öňe saýlandylar.
Zenanlaryň arasyndaky basketbol ýaryşynda gazanylan altyn medal amerikanlaryň 40-njy altyn medaly boldy.Olar 40 altyn medally hytaýlylardan kümüşde öňe saýlanmagy başardy we medal sanawyny 1-nji orunda tamamladylar.
ABŞ-nyň ýygyndysy bassyr 4-nji, soňky 7 Olimpiadada 6-njy, umumylykda 19-njy gezek medal sanawyny çür depede tamamlamagy başardylar.ABŞ-nyň ýygyndysy Pariž 2024-de 40 altyn, 44 kümüş, 42 bürünç, jemi 126 medal gazandylar.
Olar Tokiodakydan 1 altyn 3 kümüş, 9 bürünç köp aldylar.
Taryhynda 2-nji gezek medal sanawyny birinji orunda tamamlamaga golaý gelen hytaýly olimpiýaçylar bassyr 2-nji gezek 2-nji ýeri eýelediler.ABŞ bilen altyn medallary deň bolan Hytaý kümüş we bürünç medallarda garşydaşyndan ep-esli yza galdy. 27 kümüş, 24 bürünç medal gazanan hytaýlylar 91 medal bilen Parižden dolandylar.
Hytaý 2008-nji ýylda Pekin Olimpiadasyna medal sanawyny iň ýokarda tamamlapdylar.
Soňky 3 günde 7 altyn medal gazanan Ýaponiýa sanawda 3-nji orny eýeledi. Olar 20 altyn, 12 kümüş, 13 bürünç, jemi 45 medal gazandylar. Awstraliýadan gelenler 18 altyn, 19 kümüş, 16 bürünç, jemi 53 medal bilen 4-nji orna mynasyp boldy.
Ýer eýeleri fransuzlaryň soňky 2 günde 8 altyn medal gazanmak mümkinçilikleri bardy. Ýöne diňe 2-sinde altyna ýeten fransuzlar galan 6-synda münberiň 2-nji basgançagyna çykdylar.
Olar umumylykda 16 altyn, 26 kümüş, 22 bürünç, jemi 64 medal bilen özlerinde 3-nji gezek geçirilen Olimpiýa oýunlaryny 5-nji orunda tamamladylar.Olar 1900-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiadada 1-nji orny eýeläpdiler.
Soňky günlerde hasam tijenen Niderlandlar 15 altyn medal gazanyp, 6-njy, 14 altyny bolan Beýik Britaniýanyň türgenleri 7-nji, 13 altyn medally Günorta Koreýa 8-nji, 12 altyn, 13 kümüş medally Italiýa (15) bilen Germaniýa (8) bürünç medal aratapawudy bilen 9-10-njy orunlary eýelediler.
Jemi 64 ýurduň wekili (arasynda Bitarap toparyň türgenleri hem bar) azyndan 1 altyn medal gazandy. Altyn medalsyz kümüş ýa-da bürünç medal gazanan ýurtlaryň sany 15 bolup, 13 ýurt (arasynda Bosgunlar Olimpiýa topary hem bar) bolsa diňe bürünç medala eýelik etdi. Pariž 2024-de jemi 92 ýurduň türgeni azyndan 1 medal gazanmagy başardy.
206 wekiliýetiň (204-si ýurt, 2-si umumy topar) Pariž 2024 Olimpiadasynda jemi 10 714 türgen çykyş, sportuň 32 görnüşiniň 48 ugry boýunça özara bäsleşdiler. Jemi 329 altyn, 330 kümüş, 385 bürünç, jemi 1044 medal gowşuryldy.
Medal alan ýurtlar
Altyn
Kümüş
Bürünç
Jemi
1
ABŞ
40
44
42
126
2
HYTAÝ
40
27
24
91
3
ÝAPONIÝA
20
12
13
45
4
AWSTRALIÝA
18
19
16
53
5
FRANSIÝA
16
26
22
64
6
NIDERLANDLAR
15
7
12
34
7
BEÝIK BRITANIÝA
14
22
29
65
8
GÜNORTA KOREÝA
13
9
10
32
9
ITALIÝA
12
13
15
40
10
GERMANIÝA
12
13
8
33
11
TÄZE ZELANDIÝA
10
7
3
20
12
KANADA
9
7
11
27
13
ÖZBEGISTAN
8
2
3
13
14
WENGRIÝA
6
7
6
19
15
ISPANIÝA
5
4
9
18
16
ŞWESIÝA
4
4
3
11
17
KENIÝA
4
2
5
11
18
NORWEGIÝA
4
1
3
8
19
IRLANDIÝA
4
0
3
7
20
BRAZILIÝA
3
7
10
20
21
EÝRAN
3
6
3
12
22
UKRAINA
3
5
4
12
23
RUMYNIÝA
3
4
2
9
24
GRUZIÝA
3
3
1
7
25
BELGIÝA
3
1
6
10
26
BOLGARIÝA
3
1
3
7
27
SERBIÝA
3
1
1
5
28
ÇEHIÝA
3
0
2
5
29
DANIÝA
2
2
5
9
30
AZERBAÝJAN
2
2
3
7
31
HORWATIÝA
2
2
3
7
32
KUBA
2
1
6
9
33
BAHREÝN
2
1
1
4
34
SLOWENIÝA
2
1
0
3
35
HYTAÝ TAÝPEÝI
2
0
5
7
36
AWSTRIÝA
2
0
3
5
37
GONKONG
2
0
2
4
38
FILIPPINLER
2
0
2
4
39
ALŽIR
2
0
1
3
40
INDONEZIÝA
2
0
1
3
41
YSRAÝYL
1
5
1
7
42
POLŞA
1
4
5
10
43
GAZAGYSTAN
1
3
3
7
44
ÝAMAÝKA
1
3
2
6
45
GÜNORTA AFRIKA
1
3
2
6
46
TAILAND
1
3
2
6
47
BITARAP TÜRGENLER
1
3
1
5
48
EFIOPIÝA
1
3
0
4
49
ŞWEÝSARIÝA
1
2
5
8
50
EKWADOR
1
2
2
5
51
PORTUGALIÝA
1
2
1
4
52
GRESIÝA
1
1
6
8
53
ARGENTINA
1
1
1
3
54
MÜSÜR
1
1
1
3
55
TUNIS
1
1
1
3
56
BOTSWANA
1
1
0
2
57
ÇILI
1
1
0
2
58
SENT LÝUSIÝA
1
1
0
2
59
UGANDA
1
1
0
2
60
DOMINIKAN RESP.
1
0
2
3
61
GWATEMALA
1
0
1
2
62
MAROKKO
1
0
1
2
63
DOMINIKA
1
0
0
1
64
PAKISTAN
1
0
0
1
65
TÜRKIÝE
0
3
5
8
66
MEKSIKA
0
3
2
5
67
ERMENISTAN
0
3
1
4
68
KOLUMBIÝA
0
3
1
4
69
GYRGYZYSTAN
0
2
4
6
70
DEMIRGAZYK KOREÝA
0
2
4
6
71
LITWA
0
2
2
4
72
HINDISTAN
0
1
5
6
73
MOLDOWA
0
1
3
4
74
KOSOWO
0
1
1
2
75
KIPR
0
1
0
1
76
FIJI
0
1
0
1
77
IORDANIÝA
0
1
0
1
78
MONGOLIÝA
0
1
0
1
79
PANAMA
0
1
0
1
80
TÄJIGISTAN
0
0
3
3
81
ALBANIÝA
0
0
2
2
82
GRENADA
0
0
2
2
83
MALAÝZIÝA
0
0
2
2
84
PUERTO RIKO
0
0
2
2
85
KABO WERDE
0
0
1
1
86
KOT-D’IWUAR
0
0
1
1
87
PERU
0
0
1
1
88
KATAR
0
0
1
1
89
BOSGUNLAR OLIMPIÝA TOPARY
0
0
1
1
90
SINGAPUR
0
0
1
1
91
SLOWAKIÝA
0
0
1
1
92
ZAMBIÝA
0
0
1
1
JEMI
329
330
385
1044