“Pari Sen-Žermen” 100 mln ýewro oýunçylaryny satmaga borçly edildi

“Pari Sen-Žermen” 100 mln ýewro oýunçylaryny satmaga borçly edildi

“Pari Sen-Žermen” 100 mln ýewro futbolçylaryny satmaly. Bu barada “L'Équipe” habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär. Ýagny, fransuz klubunyň maliýe feýr-pleýine laýyk gelmeýändigi we indiki iki transfer penjiresinde satuw amala aşyrmaga borçludygy habar berilýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, eger muny “PSŽ” 2022-nji ýylyň tomsuna çenli edip bilmese, onda klubuň eýesi defisitiň üstüni ýetirmeli bolar. Paýtagt kluby golkiper Serhio Rikony, goragçylar Lewen Kurzawany, Tilo Kereri, Abdu Diallony, ýarym goragçylar Rafinýany, Ýulian Draksleri, şeýle-de argentinaly hüjümçi Mauro Ikardini satyp biler. “PSŽ” 19 oýundan soň 46 utuk bilen Fransiýanyň çempionatynyň turnir jedwelinde birinji orny eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Galatasaraý çempion boldy
SALAH we IKARDIDEN 4 GOL
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Ronaldo 400 gol geçiren ilkinji oýunçy
“Ýuwentus” ýaryşdan çykdy
Transfer möwsümi tamamlandy