Türkmenistan korrupsiýa görkezijileri boýunça dünýäniň 180 ýurdunyň arasynda iň erbet onlukda, 170-nji derejede durýar.Bu ýurtdaky korrupsiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny, Halkara aýdyňlyk guramasynyň 2016-njy ýylda beren bahasyndan bäri dört dereje aşak düşendigini görkezýär.
Azatlygyň habarçylary ýurtdaky korrupsiýa ýagdaýy, onuň detallary barada yzygiderli habar berýärler we bu maglumatlaryň akymy maý aýynda, iýun aýynyň başynda hem kiparlamady.Mysal üçin, şu aýyň başynda Türkmenabatda migrasiýa gullugynyň üç işgäriniň korrupsiýa aýyplamalary esasynda azatlykdan mahrum edilendigi habar berildi. Şu hepdäniň dowamynda bolsa, Lebap sebitiniň polisiýa işgärleriniň töleg terminallaryny ulanmaýan telekeçilerden “para almak çärelerini güýçlendirdigi” belli boldy.
Emma muňa garamazdan, daşardan seredilende ýurduň we häkimiýetleriň abraýyny gaçyrýan alym-berim 'medeniýeti' baradaky habarlar häkimiýetleri kän alada goýýana meňzemeýär, olar halkara guramalarynyň hasabatlaryna, garaşsyz neşirleriň çap edýän maglumatlaryna düşündiriş berip, belki-de, 'wagt ýitirmegi' zerur hasaplamaýarlar.
Ýerli synçylaryň käbiri indi adamlaryň köpüsiniň korrupsiýa garşy göreş diýilýäne düýpden ynanmaýandygyny aýtsa, beýlekileri häkimiýetleriň ýurdy ol ýa-da beýleki görnüşde kanuny bozan we gorkuda ýaşýan adamlary köpeltmek bilen dolandyrýandygyny, korrupsiýanyň 'galp durnuklylygyň, ýalan asudalygyň' ömrüni uzaltmak üçin bilkastdan jylawlanylmaýandygyny öňe sürýär.
Azatlygyň habarçylary bilen aýry-aýrylykda gürleşen adamlaryň köpüsiniň pikiriçe, korrupsiýa köp adam bolmaly, adaty zat hökmünde garaýar we, eger berilse, para almajak adamyň ýokdugyna’ berk ynanýar.
“Parahorluk türkmenistanlylaryň gündelik durmuşynyň bir bölegine öwrüldi” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň biri bu ýagdaýyň häkimiýetlere gowy ýaraýandygyny we häzirki dolandyryş üçin örän amatly bolup çykandygyny” öňe sürdi.
Söhbetdeşlerimiziň käbiri parahorlugyň ýa-da korrupsiýanyň esasy çeşmesini ýurtda çuňlaşýan sosial deňsizlikde, soňy görünmeýän ykdysady çökgünlikde, kanunlaryň hemmeler üçin deň bolmazlygynda we pukara adamlar bilen has gurply adamlaryň arasyndaky boşlugyň ýyl-ýyldan ulalmagynda, orta gatlagyň tas bolmazlygynda görýär.
“Bu meselede esasy aýtmaly zat, meniň pikirimçe, ýurtda ýönekeý halk bilen ýolbaşçy düzümiň arasynda uly tapawut emele geldi.Munuň sebäbi ýurtda alnyp barylýan diýdimzor sýasat bilen bagly.
Iň ýokardaky başlyk, ýagny prezident, öz mysalynda halka ýolbaşçy adama nähili hormat-sylag etmelidigini görkezdi. Ýolbaşçy gürlän wagty başyňy aşak salyp, eglip diňlemeli, oňa sorag bermek, pikiriňi aýtmak gadagan.
Edara ýolbaşçylary öz garamagyndaky işgärleriň aýlyklaryndan, ol ýa-da beýleki çäre üçin diýip, islän wagtlary pul tutup, gerek bolsa, özleri üçin hem alyp galyp bilýärler.Olar adamlary iş wagtynda ýa işden boş wagty öz hojalygynda işledip, hyzmatkär edip ulanýarlar” diýip, ýaşy bir çene baran söhbetdeşimiz öz pikirini aýtdy.
Onuň pikiriçe, bu ýagdaýlary hemme kişi görýär, bilýär. “Balyk başyndan porsar” diýleni, korrupsiýa saglyk ulgamynda hemişe bardy, soňky onýyllyklarda mekdeplerde, çagalar baglarynda hem güýçlendi diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.
Ýöne para-peşgeşiň esasan haýsy ugurda ýa pudakda has kän ýaýrandygy barada delilli gürrüň etmek mümkinçiligi ýok, türkmen döwleti bu meseledäki maglumatlary çap etmeýär.
Ýaşaýjylaryň biri paranyň sallançakdan tabyda ýa mazara çenli aralykda ýok ýeriniň azalandygyny’ öňe sürdi.
“Çaga doglanda, bäbekhananyň doguruş bölüminiň wraçlaryna para ýa aklyk bermeli, çagany çagalar bagyna ýerleşdirmek üçin para bermeli, ony oňat mekdebe ýerleşdirmek üçinem para gerek; ogluň bolsa, onuň harby gulluga gitmegi we ony sag-aman tamamlamagy üçin hem esli çykdajy etmeli, ýokary okuwa girmegiň parasy sowet ýyllaryndan uç alýar.
Işe ýerleşmek, işiňde saklanmak ýa ösmek üçinem para bermeli.Hatda dynç alşa, pensiýa çykmagam paraly boldy.Keselleseň, para bermeseň, hassahanada ýer tapyp bolmaýar ýa-da ugruňa seredýän lukman tapylmaýar” diýip, etraplaryň birindäki söhbetdeşimiz aýtdy.
Azatlygyň habarçylaryna pikirini aýdan adamlaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda puluň bolsa, durmuşyň ähli ugrundaky meseläni aňsatlyk bilen çözüp bolýar.
“Adam öldüren adam hem günäsiz bolup bilýär, güýç edaralarynyň ählisini, kazyny hem satyn alsa bolýar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Türkmen polisiýasynyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň sürüjileri para bermäge mejbur etmek üçin ulanýan usullary, gönümel dilegçilige ýüz urýan halatlary baradaky habarlar indi hiç kimi geň galdyrmaýar. Söhbetdeşlerimiziň biri bu gullugyň ofiserleriniň, güýç gulluklarynyň beýleki işgärleri bilen deňeşdireňde, iň ýönekeý parahorlar hasaplanylýandygyny’ aýtdy.
“Soňky ýyllarda Migrasiýa gullugy has girdejili, düşewüntli ýer hasaplanýar, Gümrük gullugy hem para almak üçin gowy ýer boldy we bu pudakdaky iş orunlary 1990-njy ýyllaryň başynda uly pula satylyp başlandy.
Prokurorlar we kazyýet işgärleri öňem gowy para alýardylar, ýöne soňky onýyllyklarda has gurplandylar. Ýöne olaryň içinde iň gowy gazanýany MHM, milli howpsuzlyk işgärleri hasaplanýar” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi bu ýagdaý barada güýç gurluşlaryndaky çeşmelerine salgylanyp gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, ýol polisi 20, 50 manat berilse-de alýar, ýöne içgili sürüjiden 3 müň manada çenli para alyp bilýär; migrasiýa gullugynyň işgäri bolsa, bir daşary ýurt pasporty üçin 10, 20 müň manat aralygynda para alýar, Gümrük gullugynyň işgärleri telekeçilerden daşary ýurtlardan getirilen ulaglar, beýleki iri harytlar üçin, umumy bahasyna laýyklykda, ýüz müň manada çenli para alýar, ýöne bu paralaryň hiç biri diňe puly alan adamlaryň jübüsine girmeýär, degişli işgärler, başlyklar bilen paýlaşylýar.
Güýç gurluşlaryndaky çeşmeleriň biriniň aýtmagyna görä, manatdaky para garanda ABŞ dollaryndaky para has abraýly’ hasaplanýar.
“Prokurorlar ol ýa-da beýleki jenaýaty ýapmak üçin, jenaýatyň agyrlygyna ýa-da ýeňildigine laýyklykda,10 müň dollardan 50 müň dollara çenli para alsalar, kazyýetdäki jogapkär işgärler has köp bikanun gazanç edip bilýär, ýöne olaryň ählisi her aýda MHM-niň ýerli edarasynyň işgärlerine näresmi salgyt töleýär, bu zynjyryň has ýokarlaryk uzamagy onuň üzülmän, kadaly işlemegini üpjün edýär” diýip, çeşme aýtdy.
Balkan sebitinde dermanhana biznesi bilen meşgullanýan telekeçiniň tassyklamagyna görä, daşary ýurtdan getirilen dermanlaryň bahalaryna, her bir dänä ýa-da tabletka ýerli hukuk goraýjy edaralaryň paýy’ goşulýar.
“Güýç gurluşlarynyň işgärleri her bir satylan dermandan, näresmi şärik ýa paýdar hökmünde, öz paýlaryny alýarlar. Mysal üçin, dermanhanaçy 100 manat bahasy bolan dermany 110 manatdan satmaly we her derman satylanda artykmaç gazanan 10 manadyny ýerli kgb ofiserine bermeli bolýar. Bu umumy söwdanyň 10 göteriminiň goňşy edaranyň başlygyna geçirilýändigini aňladýar” diýip, çeşme aýtdy.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň käbiriniň pikiirçe, Türkmenistanyň korrupsiýadan azat bolmagy üçin iň uly we jogapkär işlerde işlejek adamlary Singapurdan ýa-da ýewropa ýurtlaryndan getirmeli.
“Türkmenistanda ýetişýän nesiller korrupsiýany görüp, onuň içinde ulalan nesiller, olaryň ogurlykdan, korrupsiýany dowam etdirmekden başga başarjak işi ýok” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Türkmenistanda giň ýaýran’ para, alym-berim medeniýeti, söhbetdeşlerimiziň köpüsiniň pikirine görä, SSSR döwründe, azat bazar ýörelgelerine garşy duran ykdysady dolandyryş ulgamy netijesinde çuň kök urdy’.
Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly synçynyň pikirine görä, azat bazar ýörelgelerine geçmegiň, adamlaryň öz işlerini açyp, salgyt töläp, kanun esasynda önüm öndürip ýa söwda edip, maşgala eklemek mümkinçilikleriniň bilkastdan, dowamly çylşyrymlaşdyrylmagy, döwletiň telekeçileri bikanunçylykdan gorap, işe hyjuwlandyrmaga derek, barha beter özüne garaşly, tabyn ýagdaýda saklamagy Türkmenistanda sowet döwrüne mahsus bolan haryt gytçylygynyň saklanyp galmagyna, adamlary para bermäge mejbur edýän, meseläni berim bilen çözmäge itekleýän şertleriň has köpelmegine getirdi.
Synçylaryň käbiri parahorlugyň ösmegine iň ýokarky ýolbaşçylar, hususan-da hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri jogapkär diýip pikir etse, beýlekileri bu ösüşiň’ halk köpçüligine, öz işini para, berim bilen düzetmegi gahrymançylyk’ hasaplaýan adamlaryň juda köp bolmagyna’ baglydygyny öňe sürýär.
“Ýurtda para bermek, almak gaty kök urdy. Adamlaryň para almazlygyny gazanjak bolsaň, meniň pikirimçe, bu meseläni ýokardan çözüp başlamaly. Ministrliklerde, häkimliklerde para alýanlaryň azalmagyny gazanmaly. Ýöne, gynansak-da, ýaşlara kiçilikden ters görelde görkezilýär, olar para berseň, hemme ýerde ýoluň açyk diýip pikir edýärler. Döwlet işlerinde ähli ýerde diýen ýaly para bar” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.
Azatlygyň habarçylary bilen aýry-aýrylykda gürleşen adamlaryň köpüsi ýönekeý adamlaryň esasan emeli ýagdaýda döredilýän nobatlar, şol bir wagtda çagalar baglarynyň, gowy mekdepleriň, beýleki zerur zatlaryň ýetmezçiligi esasynda para bermek’ çykalgasyna ýüz urýandygyny aýdýar.
“Çagany çagalar bagyna ýerleşdirmek üçin naprawleniýe gerek, ony almak üçin nobata durmaly… Bu nobat, sowet döwründäki jaý nobatlary ýaly, ýetmän hem bilýär. Sebäbi çagalar bagynda ýer ýok… Başga-da bahana ýa sebäp tapylýar” diýip, etraplaryň birinde ýaşaýan söhbetdeşimiz pul beren adamyň çagasynyň meselesiniň nobatsyz çözülýändigini, beýleki meselelerde hem ýagdaýyň şeýledigini we muny hemme kişiniň bilýändigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, hassahanalarda, döwletiň beýleki edaralarynda, notariusda… nobatlar satyn alynýar. …şepagat uýalarynyň jübüsine 20-30 manat salsaň, nobatyň öňe süýşýär, para berýänleri hemme edarada gowy görýärler, sylaýarlar’.
Bu ýagdaýy Azatlygyň habarçylarynyň demirýol, uçar gatnawlary hyzmatlaryndaky nobatlar we para, döwlet edaralarynda düzedilýän resminamalary almagyň emeli kynlaşdyrylmagy netijesinde alynýan pullar barada berýän habarlary hem tassyk edýär.
Synçylaryň käbiriniň pikirine görä, ilatyň arasyndaky sowat, bilim düşünjesiniň peselmegi, döwlet işgärleriniň bu ýagdaýdan hyýanatçylykly peýdalanmagy ol ýa-da beýleki resminamany düzetjek bolýan adamlaryň köp wagtyny alýar ýa-da olary pul bermäge mejbur edýär.
“Resminama düzetmek üçin haýsy edara bar, hökman birnäçe bahana tapýarlar, ýa-da başlyk ýerinde ýok diýýärler.Iň bärkijesi, öý müdirliginden öz jaýyňda ýaşaýandygyň barada ýa-da maşgala sanyň barada kepilnama almak üçin 10 manat para bermeli, şony bermeseň, 10 gün gatnasaň-da, kepilnama ýazyp bermeýärler… Agyz suwy, elektrik togy, gaz, kanalizasiýa tölegleriň doly töländigiň barada her edara baryp, bergisi ýok’ diýip kepilnama getir diýýärler.
Ol edaralaryň hem hersine 10-20 manat para bermeli” diýip, bir söhbetdeşimiz ýurtda döredilen para sistemasynyň’ şu sebäpden gowy işleýändigini’, adamlaryň başda bermeli berip dynmaly diýen pikire gelýändigini hem sözüne goşdy.
Azatlyk bilen gürleşen adamlaryň köpüsi sürüjilik şahadatnamalarynyň köplenç satylýandygyny, bilime, başarnyga baha berilmeýändigini öňe sürdi.
“Synaga ähli düzgüni gowy öwrenip barsaň-da, göz-görtele ýykýarlar. Hiç zat bilmän barsaň-da, gözüň gowy görmeýän bolsa-da, 3 müň manat para berseň, ekzamenden geçirýärler” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Parahorlugyň soňky iki onýyllykda has giň ýaýrandygyny we bu ýagdaýyň tas ähli jogapkär wezipäniň pula satylmagy bilen baglydygyny öňe sürýän synçylar hem bar.
“Parahorlugy ýatyrmak ýa azaltmak üçin ozaly edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryndan başlap, ýönekeýje bir işgärine çenli, hemme adam para bermezden işe kabul edilmeli.Häzir edara başlygy bolmak üçin uly möçberde para bermeli, ýönekeý işçi bolup işe ýerleşmek üçin hem para bermeli.
Soň öz beren paraňy yzyna almak üçin ýa edaradan bir zat ogurlap satmaly, ýa-da raýatlardan para almaly.Para almagy ýa-da ogurlyk edip pul gazanmagy öwrenen işgärler soň beren parasyny yzyna iki esse edip alsa-da, bu endikden saklanyp bilmeýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi bu ýagdaýyň tutuş jemgyýetiň hassalygy’ ýaly bir zada öwrülendigini öňe sürdi.
Ýewropa ýurtlarynyň birinde ýaşaýan 40 ýaşlaryndaky türkmeniň pikiriçe, Türkmenistanda Saparmyrat Nyýazow döwründe 'giň ýol açylan' korrupsiýa ýurtdaky sagdyn bäsleşigiň, hakyky ösüş şertleriniň döredilmeginiň öňüni alýar we bilimli, netijeli işlejek adamlaryň ýurtdan gidip, 'para dinine' uýýan maşgalalarda ýetişen adamlaryň barha kän ýokary wezipeleri eýelemegine getirýär.
"Bu ne döwletiň, ne-de halkyň peýdasyna, ýolbaşçylar muňa näçe çalt düşünse, şonça-da gowy bolardy" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran söhbetdeşimiz aýtdy.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda” ýörite kanuny bar we onuň “jemgyýetde durnuklylygy we howpsuzlygy ygtybarly üpjün etmäge, döwleti dolandyrmakda demokratik başlangyçlary, aýanlygy we gözegçiligi giňeltmäge, ilatyň döwlete we onuň düzüm gurluşlaryna bolan ynamyny berkitmäge…” gönükdirilendigi aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.