Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň garamagyndaky Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Parahatlyk, asudalyk ýürekleriň arzuwy ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyz Baky Bitarap döwletimiziň dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da belende galdyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň umumadamzat ähmiýetini giňden ýaýmak, parahatçylyk we ynanyşmak döwletiň iň uly baýlygy bolup, halklaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde esasy ugur bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda talyplar Garaşsyzlygy, asuda parahat ýurdumyzy wasp edýän goşgulary aýdyp berdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary şeýle-de ýurdumyzyň ösüşlerini hemmeteraplaýyn açyp görkezýän edebiýatlar esasynda gurnalan kitap sergi bilen tanyşdyryldy.