“Parahatçylyk Üçin Hemaýatkärlige Taýar”

“Parahatçylyk Üçin Hemaýatkärlige Taýar”

Prezident R. T. Erdogan, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň tutuş sebite wehim salýandygyny nygtap “Parahatçylyk üçin hemaýatkärlige taýar” diýdi.

Erdogan, ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda geçirlen NATO-nyň liderler maslahatyndan soň beren beýannamasynda, Ysraýylyň palestinalylara edýän gyrgynçylygyny ýene-de bir gezek gün tertibine getirdi.

“Ysraýylyň hökümetiniň, NATO bilen hyzmatdaşlyk etmegi mümkin däl” diýen Erdogan “Palestinada giň gerimli we yzygiderli parahatçylyk ýola goýulýança Türkiýe, Ysraýylyň NATO bilen ýakyndan gatnaşyk etmegine garşy durmaga dowam eder” diýip belledi.

Türkiýe hökmünde yzygiderli çözgüde ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýdan Erdogan, “Türkiýe hökmünde ilkinji nobatda hüjümleriň bes edilmeginden soň yzygiderli parahatçylygyň goýulmagy üçin hemaýatkärlige taýardygymyzy ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin. Ähli hyzmatdaşlarymyza hüjümleriň bes edilmegi we 9 aýdan bäri açlyga garşy göreşýän Gazanyň halkyna bökdençsiz ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümete edilýän basyşyň artdyrylmagy üçin çagyryş edýärin” diýdi.

Türkiýäniň terrora garşy alyp barýan göreşinde hyzmatdaşlaryndan goldawa garaşýandygyny aýdan Erdogan “Käbir hyzmatdaşlarymyzyň, esasan terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG bilen edýän gatnaşygyny kabul etmegimiz mümkin däl” diýip belledi.

Russiýa-Ukraina söweşi hakynda hem durup geçen Erdogan, Türkiýäniň söweşiň bes edilmegi üçin tagalla etmäge dowam edýändigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Talyplyga dalaşgärler üçin göz öňünde tutulýan ýeňillikler