
Daşary işler ministri Hakan Fidan, adalatly we yzygiderli parahatçylygyň palestinalylaryň öz ýurtlaryndan çykarylmagy bilen ýola goýlup bilinmejekdigini nygtady.
Hakan Fidan, Günorta Afrika Respublikasynda geçirlen G-20-niň Daşary işler ministrleriniň “Global geosyýasy ýagdaý” temaly oturluşygynda çykyş etdi.
Siriýadaky soňky wakalaryň uly umyt döredendigini ýatladan Fidan, ýurtda giň gerimli geçiş etabynyň ýola goýulmagy üçin tagalla edilýändigini belledi.
Hakan Fidan “Ähli etniki we dini toparlara deň derejeli çemeleşilýär. Terrora garşy egilşiksiz göreş hem dowam edýär. Sebit ýurtlarynyň aladalaryna we himiki ýaraglaryň gözegçiligine uly ähmiýet berilýär. Siriýanyň gaýtadan dikeldilmegi üçin sanksiýalar şertsiz bes edilmeli”diýdi.
Russiýa bilen 3 ýyldan bäri söweşýän Ukrainada bolsa diplomatiýanyň ýeke-täk çykalga bolmagynda galýandygyny nygtan Fidan, Türkiýäniň bir tarapdan diplomatik çözgüde, şol bir wagtda hem Ukrainanyň özgtyýarlygyna we bitewiligine goldaw bermäge dowam edýändigini belledi.
Çykyşynda Ýakyn Gündogar meselesine hem ünsi çeken Hakan Fidan, “Adalatly we yzygiderli parahatçylygyň ýoly, millionlarça palestinalynyň öz topraklaryndan çykarylmagy däldir. İki döwletli çözgüt, gijä galynan we yzygiderli parahatçylyga tarap barýan ýeke-täk ýola bolmaga dowam edýär”diýdi.