Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny Nowaýa gazeta-nyň baş redaktory we filippinli žurnalist aldy

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny Nowaýa gazeta-nyň baş redaktory we filippinli žurnalist aldy

Norwegiýanyň Nobel komiteti 2021-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny Russiýanyň “Nowaýa gazeta” gazetiniň baş redaktory Dmitriý Muratowa we filippinli žurnalist Mariýa Ressa berdi. Laureatlary anna güni komitetiň başlygy Berit Raýss-Andersen yglan etdi diýip, TASS habar berýär.

Komitet bu baýragy “olaryň demokratiýa we berk parahatçylyk üçin şert bolan söz azatlygyny goramak ugrundaky tagallalary üçin” bermek kararyna geldi. Raýss-Anderseniň aýtmagyna görä, demokratiýa “bu jemgyýetleriň uruşlara we dawalara garşy gurup biljek iň gowy goragydyr”. “Ýöne söz azatlygy bolmazdan demokratiýa ýok” diýip, ol belledi.

Dmitriý Muratow Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi bolan ilkinji russiýaly. Öň, bu baýragy 1990-njy ýylda Mihail Gorbaçýow aldy.

Muratow 1961-nji ýylda Kuýbyşewde (häzir Samara) dünýä indi. Ol žurnalistika karýerasyna “Wolžskiý komsomoles” gazetinde başlady. Muratow 1995-nji ýyldan bäri iki ýyllyk arakesme bilen (2017-2019) “Nowaýa gazeta” gazetiniň baş redaktory bolup işleýär.

Mariýa Ressa Filippinleriň “Rappler” neşiriniň baş müdiri we esaslandyryjylaryň biri bolup, öň CNN amerikan teleýaýlymynyň Maniladaky býurosyna ýolbaşçylyk etdi. Ol ýurduň häzirki prezidenti Rodrigo Duterteniň administrasiýasynyň hereketlerini tankytlandygy üçin birnäçe gezek aýyplamalara sezewar boldy.

Bu Filippinleriň raýaty üçin ilkinji Nobel baýragydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda etniki özbeklerden öz milli atlaryny dakmazlyk talap edilýär
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Ysraýyl-Hizbullah çaknyşygy Ýakyn Gündogary ýene-de bir gezek urşuň bosagasyna getirdi
Ärdogan saglygy goraýyş we şäher gurluşygy ministlerini çalyşdy
Hakan Fidanyň Hytaýa guran soňky sapary
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary