22-24-nji oktýabrda Kazanda geçiriljek BRICS sammitine 30-dan gowrak ýurduň ýolbaşçylary guramanyň sammitine gatnaşmak barada isleg bildirdi. Bu barada daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow mälim etdi. Rýabkowyň sözlerine görä, sammitiň autriç we BRICS+ segmentlerine Aziýanyň, Afrikanyň, Ýakyn Gündogaryň we Latyn Amerikasynyň ösýän ýurtlarynyň liderleri çagyryldy.
-Şu güne çenli eýýäm 30-dan gowrak döwletden, şol sanda Ýewraziýa ykdysady bileleşigi we GDA ýurtlary boýunça iň ýakyn goňşularymyzdan we hyzmatdaşlarymyzdan degişli tassyklamalar alyndy diýip diplomat belledi.
Mundan başga-da, sebit guramalarynyň we degişli gurluşlaryň ýerine ýetiriji edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Kazana gelmegine garaşylýar. Sammitde Täze ösüş bankynyň başlygy Dilma Rousseffiň hem çykyş etmegine garaşylýar.
Sentýabr aýynda Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow Kazanda guraljak BRICS sammitinde guramanyň giňeldilmejekdigini aýtdy.Onuň sözlerine görä, BRICS guramasynyň agzalary tarapyndan täze hyzmatdaş-döwlet derejesi barada düzgünnama kabul ediler. Şeýle ýurtlaryň BRICS çäginde möhüm kararlar kabul edilende ses bermek hukugy bolmaz. Şeýle-de bolsa, wagtyň geçmegi bilen guramanyň işlerine işjeň gatnaşsalar, çakylyk alyp, BRICS-iň doly agzasy bolup bilerler.
Mundan öň Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Kazanda geçiriljek BRICS sammitine gatnaşjakdygy habar berildi.