Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy ýapon guramasyna berildi

2024-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy Hirosima we Nagasakidäki atom partlamalaryndan aman galanlary birleşdirýän Ýaponiýanyň “Nihon Hidankyo” guramasyna berildi.

Bu barada Nobel komitetiniň habarynda aýdylýar.

Bu gurama “ýadro ýaraglaryndan azat dünýäni gazanmak ugrundaky tagallalary hem-de ýadro ýaraglarynyň gaýtadan ulanylmaly däldigi baradaky subutnamalary üçin” sylaglandy.

Geňeş ýadro ýaraglarynyň soňky 80 ýyl töweregi wagt bäri söweş hereketlerinde ulanylmaýandygyny belledi. “Nihon Hidankyo”-nyň we hibakusýanyň (Hirosima we Nagasakiniň atom partlamalaryna duçar bolan adamlar Ýaponiýada şeýle atlandyrylýar) beýleki wekilleriniň alyp barýan işleri ýadro ýaragyny ulanmagyň gadagan edilmegine möhüm goşant goşdy.

Ýene degişli makalalar

Eýran — Türkmenistan oýnuna ýaponiýaly referi eminlik eder
Türkmenistan — Özbegistan oýnuna ýaponiýaly referi eminlik eder
Ýaponiýanyň täze bellenen ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül çemenini goýdy
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň we Ýaponiýanyň täze bellenen ilçilerini kabul etdi
Türkmenistan EKSPO-2025 Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň duşuşygyna gatnaşdy
“EXPO 2025” sergisinden Türkmenistana Milli pawilýonyny gurmak üçin ýer bölegi bölünip berildi