Parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň nobatdaky oýny geçirildi

Parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň nobatdaky oýny geçirildi

2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylygyň ýaş çaparlary atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň III oýny geçirildi.

Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti atly umumy şygar astynda geçirilýän bu bäsleşigiň III oýnunyň temasy Gadymy Müsüriň we Mesopotamiýanyň medeni-diplomatiki mirasy: Ýakyn we Orta Gündogar üçin parahatçylyk sapaklary diýlip atlandyryldy. Ýeri gelende belläp geçsek, 2023-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň gurnamagynda geçirilýän Parahatçylygyň ýaş çaparlary atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama III oýnunyň temasy bilen baglanyşykly bäsleşige gatnaşýan mekdep okuwçylary üçin umumy okuw sapagy geçirildi.

Umumy okuw sapagyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň sözlükçilik, adalgaşynaslyk we söz medeniýeti bölüminiň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent Akmyrat Babaýew geçirdi.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň III oýnuna Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky 1-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Jahan Atamyradowa, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Begmuhammet Orazow, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçylary Haýdar Döwranow, Serdar Muhyýew, Baýram Öwezmyradow, şeýle-de şol mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Sahydöwlet Hümmetjumaýew, Jennet Çaryýewa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şyhdurdy Şyhyýew, Balkanabat şäherindäki umumybilim berýän 5-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Tylla Gaýybowa, Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Şirin Rahmanberdiýewa, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Allanazar Ataýew, Allanur Hudaýnazarow, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 8-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Sülgün Abdyrahmanowa, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýgül Sähedowa, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky 5-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Güýçmyrat Gulamow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 21-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Saparmyrat Tekäýew dagy gatnaşdylar.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň III oýnuna Pähimdarlar geňeşiniň agzalary hökmünde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Akjagül Nurgeldiýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan Janbekow, şeýle-de şol institutyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent Akmyrat Babaýew dagy adalatly eminlik etdiler.

Çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijelerine görä, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şyhdurdy Şyhyýew, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Allanazar Ataýew, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Sahydöwlet Hümmetjumaýew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýgül Sähedowa III oýnuň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň bu oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Abadan haly açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýeti, Ýedi dogan hususy kärhanasy, Muhammet Balkan hojalyk jemgyýeti, Ak gar hojalyk jemgyýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy hemaýatkärlik etdiler. Ýeňijiler we bäsleşige gatnaşyjylar hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanylan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

Parahatçylygyň ýaş çaparlary atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň III oýny Miras teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşik ýakyn günlerde Miras teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÝL ― 2021: 5-nji tapgyryň Aşgabat ― Altyn asyr duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL - 2021: çempion möwsüme ýeňiş bilen başlady
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2021-nji ýylyň jemi jemledi
12.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary