2023-nji ýylyň 27-28-nji aprel günlerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan Parahatçylygyň ýaş çaparlary atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň ýarym final oýunlary geçirildi. Bu barada TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti atly umumy şygar astynda geçirilýän möwsümiň ýarym final oýunlarynyň temasy Siwilizasiýalaryň dialogy — adamzat parahatçylygy üçin binýatlyk esasdyr diýlip atlandyryldy.
Gyzgalaňly geçen ýarym final oýunlarynyň birinjisinde Aşgabat şäheriniň 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mekan Agahanow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Anwar Bekmedow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite-sazçylyk mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Güljan Serdarowa, ikinji ýarym final oýnunda bolsa Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Azat Amansähedow, Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Arazow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 35-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aýgül Sähedowa hem-de Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Dawut Gezerow ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, ýarym final oýunlaryny ýeňiş bilen tamamlan sekiz sany gatnaşyjy akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnuna gatnaşmaga hukuk gazandy.