Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I oýny geçirildi

Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I oýny geçirildi

2022-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylygyň ýaş çaparlary atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň I oýny geçirildi.Mälim bolşy ýaly, bäsleşigiň bu ýylky möwsümine gatnaşmaga isleg bildiren mekdep okuwçylarynyň 300-den gowragy test synaglaryny tabşyrdylar.

Synaglarda iň ýokary netijeleri görkezen mekdep okuwçylarynyň 64-si bäsleşigiň bu ýylky II möwsüminiň saýlama tapgyrlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.Bäsleşigiň I oýny Gadymy Marguşdan Parfiýa çenli: parahatçylyk sungatynyň siwilizasion ýörelgeleri atly tema boýunça geçirildi.

I saýlama tapgyrynyň I oýnuna test synaglarynda ýokary netije görkezen mekdep okuwçylarynyň 16 sanysy gatnaşdy.Bäsleşigiň netijelerine görä, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite-sazçylyk mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Hezretaly Myradow, Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy Wepa Rozyýew hem-de Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Dawut Gezerow I oýnuň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşyjylara hemaýatkär tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Parahatçylygyň ýaş çaparlary atly akyl- paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň I oýny ýakyn günlerde Miras teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň täze prokuroryny wezipesine belledi, Russiýanyň sirk artistleri Türkmenistandaky saparyny Balkanabatdaky çykyşlary bilen tamamlarlar we beýleki habarlar
20-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Kiçijik hekaýatlar
Baýraktar TB3 Uçuş Synagyny Üstünlik Bilen Geçdi
Kim Çen In ABŞ-na Hemle Atdy
Robotlar çagalara iňlis dilini öwreder
Türkmenistanda ýurduň daşyndan baranlara tölegli COVID test etdirýärler