Parahatçylygyň ýaş çaparlary: 2-nji möwsümiň ýeňijileri mälim boldy

Parahatçylygyň ýaş çaparlary: 2-nji möwsümiň ýeňijileri mälim boldy

15-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň alyp barmagynda Parahatçylygyň ýaş çaparlary atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2022-2023-nji okuw ýylyndaky II möwsüminiň final oýny geçirildi. Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti atly umumy şygar astynda geçirilýän möwsümiň final oýnunyň temasy Parahatlyk daragty — nesiller dowamaty diýlip atlandyryldy.

Final oýny tamamlanandan soňra institutyň mejlisler zalynda ýeňijileri sylaglamak mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de beýleki hemaýatkärleriň taýýarlan gymmatbahaly sowgatlary, institutymyzyň degişli şahadatnamalary we Hormat hatlary hem-de medallary bilen sylaglandylar. Baş baýraga mynasyp bolan ýaş çapara bäsleşigiň Göçme kubogy gowşuryldy.

Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnunyň netijeleri:

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy jemlenenden soňra geçirilen bäsleşigiň dessury boýunça ýeňiji bolan ýaş çaparlar parahatçylygyň nyşany hasaplanylýan ak kepderileri institutyň baş binasynyň öňünde asuda asmana uçurdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda KidsExpo: ähli zat çagalar üçin atly sergi-ýarmarkasy açyldy
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum
“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi
Nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeldilýär
16 Ýurt 34 Göçme Hassahana Gurdy
Ýer Titremeleriniň Başdan Geçirlen Sebitlerinde 28 Ýurt 30 Göçme Hassahana Gurdy