Parahat Orazlyýew halkara sirk festiwalynyň altyn baýragyny eýeledi

Türkmen döwlet sirkiniň muzeýinde ýygnan zatlaryň üstüni EKSPO-2017-niň çäklerinde Astanada 2-6-njy iýul aralygynda geçirilen Aziýa ýaňy“ Halkara sirk festiwalynyň baýragy ýetirdi.Türkmenistanly howa gimnasty Parahat Orazlyýew guşak“ ugrunda Monakodan, Hytaýdan, Müsürden, Russiýadan, Belarusdan, Mongoliýadan, Özbegistandan, Ukrainadan, Latwiýadan, Gyrgyzystandan we Gazagystandan gelen sirk artistleriniň arasyndan saýlanyp ýeňiş gazandy.

Ol ajaýyp çykyşy üçin basylyp ýazylan Ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy we hünärine ökdeligi üçin“ diýlen ýazgyly Altyn Kuboga we Belarus döwlet sirkiniň ýörüte baýragyna mynasyp boldy.

Habarçymyz Parahady şowly çykyşy bilen gutlamak we festiwaldan galan täsirleri baradaky gürrüňlerini diňlemek üçin onuň bilen duşuşdy.

-Ol örän gyzykly geçdi,-diýip Parahat gürrüň berýär.—Astanadaky sirk 2 müň adama niýetlenen.Festiwal geçirilýän arena çüwdürimler bilen gurşalandy, artistleriň her bir çykyşynda suw akymlarynyň üstünden geçýän owadan çyralaryň şöhlesi ajaýyp röwüş berýärdi. Çykyş etmezden deslap men bar ünsümi bir ýere jemledim, çünki dünýä ýurtlarynyň 11-sinden iň güýçli howa gimnastlary meniň bäsdeşimdi.

Ol hakra derejesindäki ilkinji çykyşymdy, baş režissýorymyz Pygy Baýramdurdyýew bilen sirkimiziň direktory, 15 ýurdyň wekillerinden ybarat emin agzalarynyň arasynda bolan Annamuhammet Ilamanow üstünlige ymtylyşyma ýardam etdiler.

Çykyşymda kompozitor Serdar Haýdarowyň täze eserini ulandym, onda gopuzyň owadan owazy ýaňlanýar. Çykyşymy Berekella!“ diýip goldan tomaşaçylar ony bir demde ýerine ýetirmegime ýardam etdi.

-Sirk artisti bolmagyňyza näme sebäp boldy?

-Ozaly bilen bu gyzykly sungata söýgüm. Men sport gimnastikasy boýunça sport ussady, sirke öz akrobatiki tilsimlerim bilen gelipdim. Çagalykda sport bilen birlikde tansam edýärdim-10 ýyllap Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň toparynda çykyş etdim. Çagalykdan taplanmagym we erjelligim maňa sirkde çykyşlarymy Türkmen döwlet medeniýet institutynda okuwymy bilen utgaşdyrmaga kömek etdi. Men estrada-sirk oýunlary fakultetini tamamladym.

-Näme üçin akrobatlykdan howa gimnastlygyna geçdiňiz?

-Men tansam, akrobatikanam gowy görýän, emma kämilleşesim gelýärdi, şonuň üçinem howa gimnastikasyny saýladym.Sirk sungatynyň bu görnüşinde kemala gelmegime Pygy Baýramdurdyýw kömek etdi, ol esasy tilsimleri öwretdi.

Ol aslynda at üstünde çykyş etse-de, hemme taraplaýyn sirkçi.Biz 6 aýda çykyş taýýarladyk!Köplere munuň üçin ýyllap wagt gerek bolýar, şonuň üçinem men halypama minnetdar.

Men sungatyň şeýle gyzykly görnüşinde Watanymyň abraýyny belende göterenime buýsanýaryn.Bu biziň umumy ýeňşimiz, çünki maňa pikirdeşlerim, zehinli we kärine berlen, hünärine ussat we täzeçil pikirlenýän adamlar kömek etdiler.

-Geljekki meýilleriňiz barada aýtsaňyz?

-Sirk artisti hökmünde kämilleşmek isleýän. Beýleki ýurtlardaky kärdeşleriň bilen gatnaşyklar döredijilik taýdan ösmegiňe giň mümkinçilik açýar. Men howa gimnastikasynyň tilsimleriniň ençemesini öwrendim. Tomaşaçylary güýçli tilsimler bilen begendirmek üçin çylşyrymly we üýtgeşik elementleri özleşdirmekçi.

Ýene degişli makalalar

Täze ýyl sirk çykyşlary: zehinleriň täsin çykyşlary we sungat jadysy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Türkmenistanyň Mary welaýatynda täze awtobus ugurlarynyň onlarçasy peýda boldy
18.09.2017 | Milli ýygyndymyzyň hasabynda 62 medal bar: 29 altyn, 21 kümüş we 12 bürünç