15-nji awgustda Paragwaýyň Prezidenti wezipesine girişen Santiago Penýa 2028-nji ýyla çenli häkimiýet başynda galar. Ol Paragwaýy Günorta Amerikanyň integrasiýasynyň merkezine öwürjekdigini, her kimiň üstünlik gazanyp biljek jemgyýetini gurjakdygyny aýtdy. – Gowy dolandyryş netijelere ýetmegiň açarydyr diýip, ol belledi.
44 ýaşly Pena 30-njy aprelde ýurtda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Pena ozalky hökümetde maliýe ministri bolup işledi. Şeýle hem ol Paragwaýyň Merkezi bankynda we Halkara Pul Gaznasynda işledi. Penanyň esasy wadalarynyň arasynda ýangyjyň we gazyň bahasynyň arzanlamagy, 500 müň täze iş ýerleriniň döredilmegi, mugt çagalar baglary we raýatlara ýaşaýyş jaý üpjünçiligi maksatnamalary bar.
Şeýle hem Paragwaýyň bütin dünýä bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini bellän Santiago Penýa basym Taýwan bilen ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýuljakdygyny tassyklady.
Kasam kabul ediş dabarasyna Argentinanyň, Boliwiýanyň, Braziliýanyň, Urugwaýyň, Çiliniň Prezidentleri we Ispaniýanyň Koroly gatnaşdy. Dabara gatnaşmak üçin Taýwanyň administrasiýasynyň başlygynyň orunbasary Laý Sinde hem ýurda geldi.