Paragwaýyň milli çorbasy dünýäde iň gowy diýlip ykrar edildi

Paragwaýyň milli çorbasy dünýäde iň gowy diýlip ykrar edildi

Paragwaýyň milli Wori wori çorbasy Tasta Atlas žurnaly tarapyndan dünýäde iň tagamly çorba diýlip yglan edildi. Çorbalaryň jemleýji sanawyna dürli ýurtlardan bu tagamlaryň 50-si girdi diýip, rg.ru ýazýar.

Wori wori çorbasy geçen ýyl hem ýeňiji boldy. Şonda ol dünýäniň öňdebaryjy aşpezleri tarapyndan 4,7 utuk aldy. Indi bu günortaamerikan çorbasy indonez çorbasyndan (Rawon we Soto betawi), şeýle hem ýaponlaryň Ramen çorbasynyň iki görnüşinden 4,8 utuk bilen öňe saýlandy.

Wori wori hamyrdan we peýnirden edilen kiçeňräk logalaly goýy çorbadyr. Oňa towuk ýa-da sygyr eti, käşir, seldereý we sogan goşulýar. Tagama hoşboý ys bermek üçin adatça oregano, gwozdika ýa-da zagpyran bilen äberilýär.

Ýene degişli makalalar

Eýran Tagamlari
Eýran Tagamlari
Hepdäniň aýagynda Türkmenistanda ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, Ahalda Saglyk ýoly gurlar, Kazanda Türkmenistan awiakompaniýasynyň täze kassasy açyldy
Google Pixel 7 tagamly çipsi çykardy
Eýran Tagamlari
Online Food eltip berme hyzmaty Bagt sagatlary aksiýasyny yglan etdi