Paragwaý-Türkiýe Söwda Birleşmesi Dörediler

Paragwaý-Türkiýe Söwda Birleşmesi Dörediler

Türkiýäniň Paragwaý bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek maskady bilen Paragwaýyn paýtagty Asunsonda “Paragwaý-Türkiýe Söwda Birleşmesiniň” döredilmegi hakynda karar kabul edildi.

Türkiýäniň Asunsondaky Ilçihanasyndan alynan maglumata görä Paragwaýyň Senagat we söwda ministri Luis Kastiglioni Türkiýäniň Paragwaýdaky Ilçisi Serhat Akseniň, paragwaýly işewürleriň, Paragwaýyň Stambuldaky Hormatly Konsuly we işewür adamy Jengiz Dewejiniň hem-de Paragwaýda akkreditirlenen Söwda geňeşçisi Biraý Kuşuň gatnaşmagynda maslahat geçirdi.

Maslahatda Asunsonda “Paragwaý-Türkiýe Söwda Birleşmesiniň” döredilmegi hakynda karar kabul edildi.

Mesele boýunça maglumat beren Türkiýäniň Paragwaýdaky Ilçisi Aksen, Paragwaý bilen ykdysdy we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrundaky tagallaryny dowam etdirýändiklerini, söwda mukdarynyň ýylyň dowamynda artýandygyny beýan etdi.

Aksen iki ýurduň arasynda bar bolan potensialyň iş ýüzüne geçirilmegi üçin Paragwaýyň Senagat we söwda ministrligi hem-de Maýa goýum gullugy REDİEX bilen gepleşikler geçirendiklerini, gepleşikleriň netijesinde gatnaşyklary hasam ösdürmek üçin söwda birleşmesiniň döredilmegi hakynda karar kabul edilendigini aýtdy.

Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklary geňeşiniň çäginde Türkiýe-Paragwaý İşewürler Geňeşiniň döredilmegi üçin taýarlyklaryň tamamlanyp barýandygy, gelejekde iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösjekdigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Paragwaýyň milli çorbasy dünýäde iň gowy diýlip ykrar edildi
Latyn Amerikada ýaşaýan Osmanlynyň nesilleri El-Turkolar üstünlikleri bilen ýurtlaryny buýsandyrýar
Messiň täze rekordy
Gustawo Petro kasam kabul etdi
Urugwaý, Argentina, Paragwaý we Çili DÇ-2030 geçirmäge arza berdiler
9-njy gezek geçirilen ýaryşda 8-nji çempionlygyny gazandy