Papua-Täze Gwineýada kofe we palma ýagy ministrlikleri döredildi

Papua-Täze Gwineýada kofe we palma ýagy ministrlikleri döredildi

Papua-Täze Gwineýanyň ýakynda gaýtadan saýlanan premýer-ministri Jeýms Marape oba hojalyk önümçiligini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäginde ýurtda kofe we palma ýagy ministrliklerini döretdi. Bu barada Sputnik International agentligi habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Hökümet baştutanynyň aýtmagyna görä, täze ministrlikleriň döredilmegi häkimiýetleriň Papua-Täze Gwineýanyň ilatynyň oba hojalyk pudagynda syýasatdan garaşýan tamalaryny ödemek üçin mümkin bolan ähli zady etmäge isleginiň bardygyny we taýýardygyny görkezýär. Soňky ýyllarda Gwineýanyň kofesi beýleki ýurtlarda has islegli boldy, ony ABŞ, Awstraliýa we Ýaponiýa satyn alýar. Ýurt häkimiýetleri kofe pudagynyň gaýtadan dikeldilmäge mätäçdigini bellediler.

Ýene degişli makalalar

Peruda APEC-iň sammiti geçirildi
Ademola Lukman 2024-nji ýylda Afrikanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi
Afrikanyň Milletler kubogynyň çärýek final tapgyrynyň ähli jübütleri belli boldy
Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi
Gwineýadaky partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy
Lukaşenko meýilleşdirýän daşary ýurt saparlary barada gürrüň berdi
Papua Täze Gwineýada ýer titredi