Katolikleriň ruhany lideri we Watikanyň döwlet Ýolbaşçysy Papa Fransisk, halkara jemgyýetçiligine, Liwanda möwjeýän dartgynlygyň bes edilmegi üçin tagalla etmekleri barada çagyryş berdi.
Watikanyň tanymal Keramatly Petruz meýdanynda çykyş eden Papa, Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümlerine ünsi çekdi.
Papa Fransisk “Soňky günlerde Liwana guralýan hüjümleriň adam pidalaryna we uly ýykylşyga sebäp bolmagy meni gaty gynandyrýar. Halkara jemgyýetçiliginiň bu elhenç dartgynlygyň bes edilmegi üçin herekete geçmegini umyd edýärin. Bu kabul edilmesiz” diýdi.
Liwanyň halkynyň birnäçe ýyldan bäri syýasy we ykdysady krizisi başdan geçirýändigini we 2020-njy ýylda Beýrut portunda bolan partlamanyň hem halka ýaramaz täsirini ýetirendigine ünsi çeken Papa, “Ýakyn geçmişde agyr günleri badşan geçiren liwanyň halkyna goldaw berýärin” diýip belledi.