Katolikleriň ruhani lideri we Watikanyň döwlet ýolbaşçysy Papa Fransisk 12 günlük Aziýa saparynyň ilkinji duralgasy bolan Indoneziýa bardy.
Papa, düýn başlan saparynyň çäginde Merdeka köşgünde Indoneziýanyň Prezidenti Widodo bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar bilen duşuşdy.
Indoneziýanyň Prezidenti Widodo duşuşykda, Papanyň Palestina we palestin halkyna berýän goldawlary üçin sagbolsun aýtdy.
Söweşiň hiç kim üçin bähbitli bolmandygyny aýdan Widodo, “Söweş asuda ilata ýitgi we gam-gussa getirer” diýdi.
Widodo, ynsanlaryň tapawutlulygyna sarpa goýulmalydygyny nygtap, parahatçylyk we eşretli gelejek üçin çagyryş berdi.
Papa Fransisk bolsa Indoneziýanyň medeni köpdürlüligine ünsi çekdi.
35 ýyl soň Indoneziýa baran Papa Fransisk, Jakartada hristian din adamlary bilen duşuşdy.
Indoneziýa baran üçünji papa bolan Fransisk 5-nji sentýabrda Günorta gündogar Aziýanyň iň uly metjidi bolan Jakartadaky Garaşsyzlyk metjidine hem baryp görer we ýurtdaky katolikler bilen duşuşar.
Papanyň Indoneziýadan soň 6-njy sentýabrda Papua- Täze Gwineýa gitmegine garaşylýar.