Panda garynjasy

Tebigatda mör-möjekleriň bize mälim bolmadyk görnüşleriniň birnäçesi ýaşaýar. Şolaryň biri hem panda garynjasy ady bilen tanalýan alabeder garynjadyr.Ylmy ady euspinolia militaris bolan garynjanyň bu görnüşi 1938-nji ýylda ýüze çykarylýar.

Panda garynjasy Çiliniň gury kenarýaka sebitlerinde, gyrymsy agaçly tokaýlarynda ýaşaýar.Kellesi ak garynjanyň monjuk ýaly garaja gözleri, alty aýagy bolup, agzynda iki sany şahy bar.Bedeni ak we gara tegmilli panda garynjasynyň köpelýän jynsy ganatsyz bolup, erkekleriniň ganaty bar. 8 millimetr uzynlykdaky kiçijik garynjalar daşky howplardan goranmak üçin ultrases bölüp çykarýarlar.

Garynjanyň bu görnüşiniň täsin tarapy bular topar bolup ýaşamaýarlar.Garynjanyň bu görnüşi gülleriň nektary bilen iýmitlenýärler.Tebigatda çyglylygy saklamaga ýardam edýän panda garynjalary 2 ýyla çenli ýaşaýar.

Alabeder garynja dünýäniň ýeke-täk bir ýerinde Çilide ýaşaýan täsin endemik mör-möjek hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Iň gowy öý gurujylar
Garynjalar haçan uklaýar?!