“Panasonic” elektrokar batareýasyny öndürýär

Ýaponiýanyň “Panasonic” kompaniýasy elektrokar öndüriji “Tesla” bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde girdejisini ýokarlandyrdy.Geçen ýylyň soňky çärýegine degişli maglumatlary mälim eden ýapon kompaniýasy 3 göterim ösüş gazanyp, 915 million dollar peýda gazandy.

Sanly fotoapparatlary, smart telewizorlary, gulaklyklary we beýleki birnäçe elektron enjamlaryny öndürýän “Panasonic” soňky ýyllarda elektrokarlar üçin batareýa önümçiligini hem ýola goýdy. “Tesla”-nyň ABŞ-nyň Newada ştatyndaky litiý-ion batareýa we montaž zawodyndaky önümçiligini artdyrmagy bilen ýapon brendine has köp batareýa sargyt edildi.

Şeýle hem “Panasonic” “Toyota” kompaniýasy bilen hem elektrokar batareýalarynyň öndürilmegi we işlenip taýýarlanmagy üçin hyzmatdaşlyk gazandy.Iki ýapon kompaniýasy “Prime Planet Energy and Solutions” atly bilelikdäki şereketi döretdiler.

Bu şereket batareýa önümçiligini aprel aýynda ýola goýar.Täze önümçiligi ýola goýmak üçin, ilkinji nobatda, 5 müň 100 iş orny dörediler.Elektrokar batareýalar isleg bildirýän beýleki kompaniýalara hem satylar. “Panasonic” we “Toyota” kompaniýalary 1996-njy ýylda-da bilelikde gibrid ulaglaryň önümçiligini amala aşyrypdylar.

Bilermenler elektrokarlaryň ýaýbaňlanmagy bilen birmeňzeş zarýad beriji ulgamyna zerurlyk duýuljakdygyny, munuň elektroulaglaryň ýaýbaňlanmagyna goşant goşjakdygyny belleýärler.

“Panasonic” ýokary tizlikli ulaglary öndürýän “Jaguar” kompaniýasy bilen hem şeýle ylalaşyga gol çekipdi. Belli kompaniýalaryň elektroulag ugrunda gazanýan hyzmatdaşlyklary bu ulaglaryň bahasynyň has elýeterli bolmagyna şert döreder.

Ýene degişli makalalar

Panasonic ABŞ-da elektromobiller üçin batareýa öndürýän zawod gurmakçy bolýar
LG kompaniýasy blu-ray pleýlerleriň önümçiligini bes etdi
Tokio awtoulag sergisinde tanyşdyryljak ulaglar
Akylly şäherçe ulanylmaga berildi
Elektroulag satuwy görnetin artdy
Robotlaryň işleriniň ugurlary giňeýär