Panasonic ABŞ-da elektromobiller üçin batareýa öndürýän zawod gurmakçy bolýar

Panasonic ABŞ-da elektromobiller üçin batareýa öndürýän zawod gurmakçy bolýar

Ýaponiýanyň Panasonic korporasiýasy ABŞ-nyň Kanzas ştatynda 4 mlrd dollarlyk elektromobiller üçin akkumulýatorlary öndürýän zawod gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada “The Wall Street Journal” gazeti habar berýär diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, bu zawod akkumulýatorlaryň önümçiligi pudagynda iň uly kärhanalaryň biri bolar. Şol bir wagtyň özünde, ol 4 müňe çenli iş ornuny döreder diýlip çak edilýär. Gazetiň belleýşi ýaly, Tesla elektromobilleri üçin batareýa öndürýän Panasonic-iň Newada ştatynda akkumulýatorlary çykarmak boýunça bu amerikan kompaniýasy bilen eýýäm bilelikdäki kärhanasy bar.

Ýene degişli makalalar

“Panasonic” elektrokar batareýasyny öndürýär
LG kompaniýasy blu-ray pleýlerleriň önümçiligini bes etdi
Ýapon işewürligi ýurduň garraýan ilatyna uýgunlaşýar
Akylly şäherçe ulanylmaga berildi
Elektroulag satuwy görnetin artdy
Robotlaryň işleriniň ugurlary giňeýär