Panama kanalynda 200 gämiden ybarat dyknyşyk döredi

Panama kanalynda 200 gämiden ybarat dyknyşyk döredi

Güýçli guraklyk sebäpli Panama kanalynda ýüzlerçe gämi hepdeläp dyknyşykda dur diýip, Habar 24 ýazýar. Muňa ýerli häkimiýetleriň suwy tygşytlamak maksady bilen her gün kanaldan geçýän gämileriň sanyny 32-ä çenli azaltmak baradaky çözgüdi sebäp boldy. Ýagdaý öz gezeginde Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda ýük gatnawlarynyň bahalarynyň 40 göterim gymmatlamagyna getirdi.

Häzir Panamanyň golaýynda ýerleşýän etraplar sebitde soňky 140 ýyldaky iň güýçli guraklygy başdan geçirýärler. Ygallaryň sanynyň görkezijileri bolsa, kadadan 50 göterim azdyr.

Panama kanalyndan deňiz gatnawy ugurlarynyň 140-si geçýär we olar dünýäniň 160 ýurduny birleşdirýär. Kanaldan geçýän harytlar dünýä söwdasynyň 3 göteriminden gowragyny tutýar.

Ýene degişli makalalar

Panama Kanal hemlesi sebäpli Trampy BMG-na şikaýat etdi
Panamalylar Trampyň Kanaly yzyna almak hakyndaky beýanatyna garşy
Guraklyk sebäpli Panama kanalyndan geçýän gämileriň sany azaldyldy
Wenesuela 7 Ýurtdan Diplomatlaryny Çekmegini Isledi
Rus Syýahatçylar Samsuna Geldi
Panama Hytaýyň "Bir guşak, bir ýol" taslamasyndan çekilýär