
Hepdelik metbugat ýygnagyna gatnaşan Panamanyň Prezidenti Hose Raul Mulino Panamanyň Pekin şäherindäki ilçisiniň, ylalaşykdaky "aýrylmak üçin 90 gün öňünden habar berilmeli" maddasyna laýyklykda aýralyk resminamasyny Hytaýa ýetirendigini habar berdi.
Kararyň dolulygyna özlerine degişlidigini aýdan Mulino: "Şol wagtlar Hytaý bilen bu şertnama gol çekenleriň beýle ädim etmäge nämä bil baglaýandyklaryny bilemok. Taslama munça ýyl Panama näme täzelikler getirdi? Bir guşak, bir ýol taslamasy ýurda näme peýda getirdi?" diýip belledi.
Taraplaryň arasyndaky şertnama laýyklykda ylalaşyk her üç ýylda bir gezek täzelenýär. Indiki täzeleniş 2026-njy ýylda meýilleşdirilipdi, ýöne taraplaryň ikisi-de üç aýlyk duýduryş bilen şertnamany ýatyryp biler.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio 2-nji fewralda Panama guran saparynda Hytaýyň Panama kanalyna edýän täsiriniň azalmalydygyny, ýogsam "zerur çäreleriň" görüljekdigini aýdypdy.
"Panama kanalynyň özygtyýarlylygy jedelleşik üçin ýapyk" diýip aýdan Mulino, 2017-nji ýylda “Bir guşak, bir ýol” taslamasynyň çäginde Panamanyň Hytaý bilen gol çekişilen ylalaşygynyň täzelemejekdigini Rubio aýdypdy.