Panamanyň Gardi Subdug adasy suwuň astyna gidýär. Muňa Dünýä ummanynyň derejesiniň ýokarlanmagy sebäp bolýar diýip, 24KZ habar berdi.
Ýaşaýjylaryň 1,5 müňden gowragy eýýäm öýlerini terk etdiler. Hünärmenleriň hasaplamalaryna laýyklykda, ýene 80 ýyldan adamlaryň ýaşaýan adasy tutuşlygyna gark bolup biler.
BMG-niň maglumatlaryna görä, asyryň ahyrynda ummanda suwuň derejesi ýene bir metr ýokarlanyp biler.
Latyn Amerikasy ýurtlarynda 40 milliondan gowrak adam peslikde ýerleşýän etraplarda ýaşamak bilen, suw joşgunlarynyň hem-de deňiz harasatlarynyň howpy bilen gitdigiçe köp ýüzbe-ýüz bolýarlar.