Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun sosial media ulgamyndan beren beýanatynda: "Palestinanyň prezidenti hormatly Mahmud Abbas 14-15-nji awgustda ýurdumyzda saparda bolar. 14-nji awgustda çarşenbe güni prezidentimiz hormatly Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşyk geçirjek hormatly Mahmud Abbas, 15-nji awgustda penşenbe güni bolsa Gazy mejlisimizde çykyş eder" diýip mälim etdi.
Fahrettin Altun Tähranda janyna kast edilen Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýe üçin çap eden gynanç ýüzlenmesinde bolsa: "Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýäniň janyna kast edilip öldürilmegini berk ýazgarýaryn. Hüjümde şehit bolan Ismail Heniýýä Alladan rehnet, maşgalasyna, Gazanyň halkyna, Palestina we Yslam dünýäsine duýgudaşlyk bildirýärin" diýip nygtapdy.