Palestinanyň Prezidenti Abbas, Heniýýeniň Öldürilmegini Ýazgardy

Palestinanyň Prezidenti Abbas, Heniýýeniň Öldürilmegini Ýazgardy

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Hamasyň lideri Ismail Heniýýeniň janyna kast edilmegini “gorkaklyk we howply waka” hökmünde häsiýetlendirdi we Palestina üçin jebislik çagyryşyny berdi.

Palestinanyň resmi habarlar gullugy WAFA-da berlen habara görä, Prezident Mahmud Abbas, Heniýýeniň janyna kast edilmegini berk ýazgardy.

Heniýýeniň öldürilmegini gorkaklyk we howply waka hökmünde häsiýetlendiren Abbas, palestin halkyna Ysraýylyň basyp alyşlygyna garşy jebislikde hereket etmek üçin çagyryş berdi.

Palestina Milli Azat edijilik guramasynyň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň baş sekretary Hüseýýin aş Şyh hem Heniýýeniň öldürilmegini berk ýazgardy.

Hamas we Eýranyň Ynkylap goragçylary tarapyndan berlen ýazmaça beýannamalarda, Heniýýeniň Tährandaky öýüne Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümde öldürlendigi habar berlipdi.

Ýene degişli makalalar

BMG Ysraýylyň Palestinadaky “bikanun” hereketini bir ýylyň dowamynda bes etmegini isleýär
“Gaza Gitmek Üçin Taýarlyk Görýäris”
Palestinanyň prezidenti Türkiyä sapar gurar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mahmud Abbas Ertir Ankara Geler
Mahmud Abbas Şu Gün Ankara Geler
Palestinada 1 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi